Emeli aň äleminde tekstden surat we wideo döretmek ugry boýunça öňdebörüji bolan Midjourney bütindünýä meşhurlygyna eýe bolan Co-Star astrologiýa we ýyldyz programmasyny satyn aldy. Techcrunch tarapyndan berilýän maglumatlara görä, iki tarapyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň finans sertleri hem-de satyn alyş bahasy syr saklanýar.
4.3 million ulanyjyly Co-Star we täze mümkinçilikler
Aýlyk 4.3 million töweregi aktiw ulanyjysy bolan “Co-Star” programmasy ulanyjylaryň dogluş kartalaryny (birth charts) seljermek we olary dostlary bilen paýlaşmak üçin ulanylýar. Platforma ýyldyz synlaryny, sarp edijileriň özara uygunlygyny we beýleki maslahatlary emeli aň hem-de adam zähmetini utgaşdyryp taýýarlaýar.
Midjourney näme üçin bu ädime gitdi?
Şu wagta çenli diňe “Discord” serweri arkaly hyzmat berip gelen we özbaşdak mobil programmasy bolmadyk Midjourney, soňky wagtlarda öz önüm ykdysadyýetini giňeltmäge synanyşýar. Şiereket lukmançylyk we spa ugurlaryna maýa goýmak bilen bir hatarda, indi bolsa astrologiýa pudagyna hem girdi.
Bu satyn alyş bilen Co-Star platformasynyň 24 adamlyk işjeň topary dolulygyna Midjourney şereketine geçdi. Mobil ykjam goşundy döretmekde uly tejribesi bolan bu toparyň kömegi bilen Midjourney ýakyn geljekde özbaşdak mobil programmasyny taýýarlap biler.


