Muzeýiň işi köpugurlydyr, onuň esasy wezipesi – halkyň taryhy mirasyny ýygnamak, gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we onuň ýitip gitmeginiň öňüni almak hem-de milli özboluşlylygyny görkezmek üçin ilata hödürlemekdir. Muzeýler hemişe diňe taryhy tapyndylary saklanýan ýerler bolman, eýsem ylmy barlaglaryň we medeni aň-bilim işleriniň merkezleri bolup gelipdir. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda takmynan 40 döwlet muzeýi bar, olarda müňlerçe muzeý eksponatlary saklanylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň kömegi bilen sanly (wirtual) gezelençleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Muzeý gymmatlyklarynyň bitewi elektron maglumat binýady, şeýle-de ýurdumyzyň iň iri muzeýleriniň resmi resmi web-saýtlary döredilip, internet arkaly elektron petekleri satyn almak hyzmatlary ýola goýuldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde dürli döwürlere degişli ýüzlerçe taryhy-medeni ýadygärlikler ýerleşýär. Olar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly ünsüni özüne çekýär. “Açyk asmanyň astyndaky muzeýler” diýlip atlandyrylýan birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda Dehistanyň we Daýahatynyň taryhy-medeni ýadygärlikleri hem bu sanawa girizilmäge dalaşgär bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde dürli döwürlere degişli ýüzlerçe taryhy-medeni ýadygärlikler ýerleşýär. Olar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly ünsüni özüne çekýär. «Açyk asmanyň astyndaky muzeýler» diýlip atlandyrylýan birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda Dehistan we Daýahatyn taryhy-medeni ýadygärlikleri hem bu sanawa girizilmäge dalaşgär bolup durýar.
Ýurdumyzyň muzeý toplumlarynyň özüne degişli web-saýtlary bar. Olar muzeý bölümlerinden başga-da, dürli kolleksiýalar boýunça wirtual 3D-gezelençleri hödürleýärler. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň muzeýlerine wirtual gezelenç etmäge, muzeý hazynalaryny aýratynlykda we 360 graduslyk panoramaly tehnologiýanyň kömegi bilen görmäge, şeýle- hem muzeýleriň taryhy, sergi zallary, eksponatlar, galereýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän wirtual muzeý saýty döredildi. Muzeý işine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa ýaş nesliň öz köklerini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Muzeý işiniň dogry guralmagy we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Muzeý gymmatlyklaryny satyn almak hakynda» Karary kabul edildi. Bu Karar milli medeni-taryhy mirasyň mundan beýläk-de ösdürilmegini we onuň goralyp saklanmagyny, taryhy we medeni gymmatlyklara elýeterliligi hem-de olaryň ylmy taýdan öwrenilmegini üpjün edýär.
Paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň muzeýleriniň kolleksiýalary ýygy-ýygydan arheologik tapyndylar we täze maglumatlar bilen baýlaşdyrylýar. Işiň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde, munuň özi ýurdumyzyň taryhy bilen gyzyklanýan we muzeýlere gelýän adamlar üçin doly elýeterli bolýar. Türkmenistanyň «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Kanuny döwlet medeni syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, Türkmenistanda muzeýleriň döredilmegini we olaryň işini düzgünleşdirýär, muzeýleriň işi bilen bagly ýüze çykýan hukuk we beýleki gatnaşyklary kadalaşdyrýar, şeýle hem muzeýe gelýänleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
«Türkmenistanyň «Medeniýet hakynda» Kanuny muzeýler we muzeý işi bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz içine alýar: her bir raýatyň konstitusiýa hukuklarynyň üpjün edilmegini we goralmagyny; döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemegi; raýatlaryň muzeýlerde saklanýan ylmy, taryhy, çeper we beýleki medeni gymmatlyklara erkin elýeterliligini üpjün etmegi; hukuk kadalarynyň we ýörelgeleriniň bellenilmegini, Türkmenistanda muzeýleri ösdürmegiň hem-de muzeý işine döwlet goldawyny bermegiň hukuk binýadyny döretmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, olary ýurtdan çykarmak we ýurda getirmek hakynda» we «Medeniýet hakynda» kanunlary ýurdumyzyň muzeý ulgamynyň işinde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.»
«Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin strategiýasynda öňde goýlan wezipeler muzeý ylmy-barlag işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmy taslamalary, seýrek tapyndylar baradaky ylmy maglumatlary halkara jemgyýetçiliginiň arasynda wagyz etmäge, şeýle-de muzeýleriň daşary ýurtlaryň meňzeş edaralary bilen hyzmatdaşlyk çygryny giňeltmäge gönükdirilendir. Şu maksatlardan ugur alnyp, Watanymyzda hem, onuň çäklerinden daşary hem halkara sergiler guralýar. Mysal üçin, geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi işleýär. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň «EXPO» bütindünýä sergilerindäki çykyşlary bolsa, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýäde barha meşhurlyk gazanýandygyny aýdyň görkezýär.
Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Bellik: Makala rus dilinden türkmen diline terjime edildi.



