Ýaponiýanyň NEC korporasiýasy 4G we 5G aragatnaşyk ulgamlary üçin täze esas stansiýalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň bes edilendigini resmi taýdan mälim etdi. Kompaniýa hytaýly we ýewropaly dünýä öňdebaryjylary bilen netijeli bäsleşip bilmeýändigini boýun aldy, sebäbi häzirki wagtda olar dünýä bazarynyň takmynan 80 göterimini gözegçilikde saklaýarlar. Şeýle-de bolsa, NEC öň satylan enjamlara tehniki hyzmat etmegini dowam etdirer.
Ugruň üýtgedilmeginiň esasy sebäbi telekommunikasiýa pudagyndaky maliýe ýitgileri boldy. Huawei, Ericsson we Nokia ýaly iri kompaniýalaryň agalygy ýapon öndürijilerine bazaryň 2 göteriminden hem az bölegini galdyrdy. Mundan başga-da, Ýaponiýanyň NTT Docomo ýaly iri aragatnaşyk operatorlarynyň ýerli däl-de, daşary ýurt enjamlaryna bolan islegleri ýagdaýy has-da kynlaşdyrdy.
Geljekde NEC programma üpjünçiligini işläp taýýarlamaga we goranyş ulgamlary üçin ýöriteleşdirilen aragatnaşyk çözgütlerine üns bermekçi. Şeýle hem kompaniýa indiki nesil aragatnaşyk ulgamlary — 6G boýunça ylmy-barlag işlerine serişdeleri gönükdirmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, NEC telekommunikasiýa pudagyndan doly çykman, has girdejili we geljegi uly ugurlara ünsi geçirýär.



