Emeli intellekt dünýäsiniň öňdebaryjysy OpenAI, Google-yň ýyllardyr höküm sürýän terjime pudagyna täze bir dem getirdi. Kompaniýa, 50-den gowrak dili goldaýan we Google Translate-e göni bäsdeş hökmünde ýerleşdirilen “ChatGPT Translate” atly garaşsyz web hyzmatyny ulanyjylara hödürledi.
Diliň äheňini üýtgetmek mümkinçiligi

ChatGPT Translate-i beýleki terjime gurallaryndan tapawutlandyrýan iň uly aýratynlyk, ulanyjylara terjime edilen tekstiň stilini saýlamaga rugsat bermegidir. Adaty terjime hyzmatlary diňe sözme-söz ýa-da manysy boýunça terjime edýän bolsa, OpenAI-nyň täze guralynda “has akymly” (more fluent), “resmi” ýa-da “akademiki” ýaly saýlawlar bar.
Mysal üçin, dostuňyza ýazýan hatyňyzy “sada dilde”, iş ýeriňize iberjek hasabatyňyzy bolsa “resmi dilde” terjime etdirip bilersiňiz.
Google Translate bilen aratapawutlary
Daşky görnüşi boýunça iki hyzmat hem meňzeş: çep tarapda çeşme tekst, sag tarapda bolsa netije görünýär. Emma funksional taýdan käbir tapawutlar bar:
Google: Tekst, surat, resminama we web sahypalaryny doly terjime edip bilýär.
ChatGPT Translate: Baş sahypasynda surat we ses terjimesini wada berse-de, häzirki wagtda surat goldawy işjeň däl. Kompýuter wersiýasy diňe teksti goldaýar, ykjam (mobil) brauzerlerde bolsa mikrofon arkaly sesli giriş mümkinçiligi bar.
Entek Mobil Programmasy Ýok
Google Translate-iň hem web sahypasy, hem-de iOS we Android üçin aýratyn programmasy bar. Emma OpenAI, bu hyzmaty häzirlikçe diňe web hyzmaty hökmünde ýaýlyma goýberdi; App Store ýa-da Google Play-de entek ýöriteleşdirilen programmasy ýok.
OpenAI bu täze hyzmat barada uly bir dabaraly yglan etmedi we arkasynda haýsy emeli aň modeliniň (GPT-4o ýa-da başga bir model) işleýändigini resmi taýdan tassyklamady. Ýöne şurası äşgär: OpenAI, diňe sorag-jogap däl, eýsem arassa terjime bazarynda hem Google-dan paý almak isleýär.



