OpenAI, adamyň pikirleniş prosesine meňzeş, çylşyrymly meseleleri has ýönekeý ädimlere bölmek, dürli çemeleşmeleri seljermek we ýalňyşlyklary düzetmek arkaly pikirlenmäge we logiki meseläni çözmäge ukyply ChatGPT o1 täze dil modelini hödürledi. O1 model, hünärmenleriň netijeleri bilen deňeşdirilende synaglarda we bäsleşiklerde ajaýyp netijeleri görkezdi. Programmirlemekde, o1 2024-nji ýylda Informatika boýunça halkara olimpiadasynda (IOI) 49-njy orny eýeledi we Codeforces platformasyndaky bäsdeşleriň 89%-inden öňe geçdi. Matematikada o1 Amerikan Matematika Olimpiadasynyň (AIME) saýlama tapgyrynda ABŞ-nyň iň gowy 500 talybyň hataryna girdi.
Tebigy ylymlarda bu model himiýa, fizika we biologiýa bilimlerine baha berýän GPQA diamond synagynda lukmanlardan we dalaşgärlerden öňe geçdi. Işläp düzüjiler bu modeliň ylmy dalaşgärlerden has ýokarydygyny aňlatmaýandygyny, ýöne ýokary bilimli hünärmenleriň derejesinde meseleleri çözmek ukybyny görkezýändigini bellediler.
O1 model, MMMU we MMLU ýaly intellekt we meseläni çözmek synaglarynda ozalky modellerden öňe geçdi. OpenAI-e görä, o1 logiki pikirlenmek bilen baglanyşykly meselelerde GPT-4o-dan ep-esli ýokarydyr. AIME synaglarynda o1 ortaça 83% meseläni, GPT-4o 13% çözdi.
Mundan başga-da, o1 GPT-4o bilen deňeşdirilende galýusinasiýa has az sezewar bolýar, ýöne haýal we hyzmat ediş bahasy gymmatdyr. Ensiklopedik bilimlerde GPT-4o-dan pes we web sahypalaryny, faýllary we suratlary dolandyryp bilmeýär. Şeýle hem, model netijäniň çözgüdini sazlap, maglumatlary dolandyryp biler.
Modeliň üstünligi, ýalňyşlary tanamak we düzetmek, çylşyrymly ädimleri has ýönekeýlere bölmek we dürli çemeleşmeleri synap, netijelerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän «pikir zynjyry» diýlip atlandyrylýan täze öwreniş algoritmi bilen baglanyşyklydyr. OpenAI, ChatGPT-de we API arkaly işläp düzüjiler üçin ulanyp boljak o1-deslapky syn modeliniň irki wersiýasyny çykardy.
Oguş AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby