OpenAI kompaniýasy aýdym-saz döredýän emeli intellekt modelleriniň ösüşini çaltlaşdyrmagy maksat edinýär diýip, The Information neşiri ýazýar. Bu maksat bilen kompaniýa ABŞ-nyň meşhur Julliard sungat mekdebi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Mekdep, emeli aň modeli üçin okuw maglumatlaryny taýýarlamakda, ýagny nota ýazgylarynyň bellenmeginde kömek eder. Täze model tekst ýa-da ses islegi boýunça aýdym-saz döredip biler. Şeýlelikde, OpenAI bu ugurda Google, Suno we Udio ýaly bäsdeşler bilen çykyş eder.
Aýdym-saz generatorynyň döremegi OpenAI kompaniýasyna 800 milliondan gowrak ulanyjynyň ünsüni çekmäge we täze girdejiniň çeşmelerini açmaga mümkinçilik berer. Bu ugurda kompaniýa öňden iş alyp barýan Google bilen deň derejede çykyş eder, şol bir wagtda-da Suno we Udio ýaly ýaş startaplar bilen hem bäsleşmeli bolar. Ýöne bu bazarda esasy meseleleriň biri — awtorlyk hukugynyň bozulmagy bolup, ony ähli oýunçylar çözmeli bolar. Häzirki wagtda OpenAI-nyň aýdym-saz döredýän emeli aň modeliniň çykaryljak senesi belli däl, şeýle hem onuň formatynyň nähili boljakdygy hem anyk däl. Bu ChatGPT-niň içine goşulyp bilner ýa-da Sora atly wideo generatory bilen birleşdirilip bilner.

OpenAI-nyň bu ugra girişi aýdym-saz emeli aň bazarynda bäsleşigi güýçlendirer. Esasy bäsdeşleriniň biri — Google bolar. Kompaniýa maý aýynda eýýäm öz aýdym-saz döredýän modeli Lyria-nyň ikinji neslini hödürledi. Bu model häzirki wagtda Google Cloud arkaly korporatiw müşderilere elýeterli bolup, mahabat we marketing maksatly aýdym-saz döretmek üçin peýdalanylýar.
Startaplaryň arasynda bolsa, Suno we Udio örän işjeň ösüş görkezýär. Suno diňe bir ýylyň dowamynda abuna hyzmatlaryndan girdejisini dört esse artdyryp, 150 million dollar gazandy. OpenAI üçin bu täze taslama kompaniýanyň ChatGPT-den daşaryk çykmak we önümçiligiň dürlüligini artdyrmak baradaky strategiýasy bilen gabat gelýär. Şeýle hem kompaniýa bazardaky liderligini berkitmek we täze monetizasiýa mümkinçiliklerini döretmek isleýär.
Täze aýdym-saz emeli aň modeli täjirçilik taýdan üstünlikli bolup biler. OpenAI-nyň öwrenýän mümkinçilikleriniň arasynda, meselem, wokal ýazgysyna görä gitaranyň akkompanementini döretmek ýa-da tekst isleginiň esasynda doly aýdym döretmek bar. Şeýle mümkinçilikler bilen emeli aň wideolara aýdym-saz goýmakda hem peýdaly bolar. Korporatiw müşderiler, aýratyn-da mahabat agentlikleri, bu serişdeleri reklama üçin ýörite döredilen aýdymlar ýa-da wideoroliklere saz üýtgetmeleri döretmekde ulanyp bilerler. Emma OpenAI ilki bilen hukuk taýdan meseleleri çözmeli bolar.
Häzirki wagtda bazarda üstünlik gazanan Suno we Udio kompaniýalary Amerikanyň ses ýazgy senagaty assosiasiýasy (RIAA) tarapyndan kazyýete berildi. Olaryň agzalary — Universal Music Group, Sony we Warner Music ýaly iri kompaniýalar her bir awtorlyk hukugy bozulýan aýdym üçin 150 müň dollar möçberinde öwez puly talap edýärler.
Suno we Udio bolsa bu maglumatlary “dogry niýet bilen ulanylýar” diýip, özlerini goramaga synanyşýarlar. Şeýle hem Universal we Warner kompaniýalary birnäçe emeli aň döredijileri bilen lisenziýa şertnamalary barada gepleşik geçirýärler.
OpenAI bu howplardan gaça durmak üçin ChatGPT-de aýdymlaryň doly sözlerini görkezmeýär. Sora ulgamynyň çykarylyşyndan soň, OpenAI-nyň baş direktory Sem Altman awtorlyk hukugyny goraýan kompaniýalara döredilen personajlaryň üstünden doly gözegçilik ediljedigini we olaryň girdejisinden paý beriljekdigini wada berdi.



