OpenAI 2026-njy ýylda 14 milliard dollar zyýan çekjekdigini çaklaýar, ýöne 2029-njy ýyla çenli ýyllyk girdejisiniň 100 milliard dollara ýetmegine garaşýar. 2023–2028-nji ýyllar aralygynda bolsa, ChatGPT-iň işläp düzüjisi umumy ýitginiň 44 milliard dollar bolmagyna garaşýar. Bu barada PC Gamer portaly, OpenAI kompaniýasynyň içerki resminamalaryna eýe bolan The Information neşirine salgylanyp habar berýär.
2029-njy ýyla çenli gurama ýyllyk girdejini 100 mlrd dollara ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu strategiýany durmuşa geçirmek üçin OpenAI häzirki onýyllygyň ahyryna çenli 200 mlrd dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu serişdeleriň 60% – 80%-i emeli aň modelleriniň okadylmagyna we tehniki ulanylyşyna gönükdiriler.
Göz öňünde tutulýan girdejileriň ýarysyndan gowragyny ChatGPT çat-boty üpjün eder diýlip garaşylýar. Işläp düzüjiler üçin API-niň satuwy, takmynan, 20% bolar, ýene 20% gözleglerden, wideo döretmekden we EA kömekçilerinden geler.
Şol bir wagtyň özünde, maliýe hasabatyndan görnüşi ýaly, OpenAI-iň soňky maliýe ýylynyň birinji ýarymynda çykdajylary bary-ýogy 340 mln dollar boldy. Resminamada häzirki çykdajy derejesinden milliardlarça ýitgi baradaky çaklamanyň nädip alynýandygy görkezilmeýär.



