«OpenAI» kompaniýasy «Cerebras» startapynyň önümleriniň esasyndaky serwerleri ulanandygy üçin, bu çip öndürijisine üç ýylyň dowamynda 20 milliard dollardan gowrak serişde tölär. Bu görkeziji ozal çaklanylan mukdardan iki esse köpdür: ýylyň başynda «OpenAI» kompaniýasy «Cerebras»-dan 750 megawata çenli hasaplama kuwwatyny satyn almak barada ylalaşyk baglaşypdy.
Habarda bellenilmegine görä, gazanylan ylalaşyklaryň çäginde «OpenAI» kompaniýasy «Cerebras»-yň azlyk (minoritar) paýyna eýe bolmaga hukuk berýän warrantlary alar we geljekde bu paý artdyrylyp bilner. Mundan başga-da, «OpenAI» kompaniýasy özüniň emeli aň önümlerine hyzmat etmek üçin ulanyljak maglumatlary işlemek merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen «Cerebras» startapyna takmynan 1 milliard dollar möçberinde serişde berer.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, «Cerebras» şertnamanyň jikme-jikliklerini şu hepdede aýan eder. Häzirki wagtda «OpenAI» we «Cerebras» kompaniýalarynyň resmi wekilleri bu mesele boýunça teswir bermekden saklanýarlar. Ýatladyp geçsek, «Cerebras» özüni emeli aň çipleri boýunça iň uly öndüriji bolan «Nvidia» kompaniýasynyň bäsdeşi hökmünde görkezýär. Startap ABŞ-da IPO (paýnamalarynyň ilkinji köpçülikleýin hödürlenmesini) geçirmegi meýilleşdiripdi, emma ABŞ-nyň Daşary maýa goýumlary baradaky komitetiniň milli howpsuzlyk talaplaryna laýyklygy barlamagy sebäpli ony yza süýşürdi.
Edaranyň ünsüni BAE-niň bulut hasaplamalary we emeli aň ulgamy bilen meşgullanýan, şeýle hem «Cerebras»-yň iň iri müşderisi bolan «G42» kompaniýasy tarapyndan goýlan maýa goýumlary çekdi. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, Amerikan häkimiýetleri «G42» kompaniýasynyň Hytaý bilen arabaglanyşygynyň bolmagyndan güman edýärler.



