OpenAI, New York Times bilen bolan kazyýet işi sebäpli saklamaly bolan ChatGPT söhbetlerini indi saklamaz.

Uzaga çeken jedellerden soň, OpenAI ChatGPT arkaly toplanýan maglumatlary saklamak borjundan resmi taýdan halas boldy. ABŞ-ly kazy Ona T. Wang, 9-njy oktýabrda çykaran karary bilen, kompaniýadan indi ähli söhbetdeşlik ýazgylaryny hemişelik saklamagy talap edýän karary ýatyrdy.
New York Times gazetiniň 2023-nji ýylyň ahyrynda awtorlyk hukugynyň bozulandygyny öňe süren kazyýet işinde OpenAI kompaniýasynyň modellerini bu gazete degişli materiallar bilen öwredendigi öňe sürlüpdi. Maý aýynda kazyýet NYT-niň gözden geçirmegi üçin OpenAI kompaniýasyna ähli ChatGPT söhbetdeşlik ýazgylaryny saklamagy buýrupdy, ýöne täze karar bu borçnamany ýatyrdy. Ýöne, muňa garamazdan, OpenAI öň ýatda saklanan maglumatlary we New York Times tarapyndan belligi alnan hasaplara degişli söhbet ýazgylaryny gorap saklamagy mejbury ýagdaýda dowam etmeli bolar.

NYT bu kazyýet prosesi dowam edýän wagty “belligi goýlan ulanyjy” sanawyny giňeldip biler. Ýöne, her näme bolanda-da, indi ähli ulanyjy söhbetdeşlikleriniň ýazgylary saklanylmaz, bu hem ulanyjy gizlinligi üçin, hem-de OpenAI-nyň serwerleri üçin oňyn ädim bolup durýar.



