Emeli intellekt dünýäsiniň ägirtlerinden OpenAI, maliýe durnuklylygyny saklamak we geljekki maýa goýumlaryny üpjün etmek üçin strategik ähmiýetli karara geldi. Ozal mahabat modeline sowuk garaýan Sam Altman, kompaniýanyň öňündäki 8 ýylyň dowamynda emeli aň infrastrukturasyna harçlamagy meýilleşdirýän 1,4 trillion dollarlyk býujeti ýapmak üçin mahabat görkezmek ulgamyny tassyklady.
Mahabatlar nähili görüner?
Ulanyjylaryň aladalaryny nazara alyp, OpenAI bu ulgamy seresaplylyk bilen ornaşdyrýar. Mahabatlar, ChatGPT-niň berýän esasy jogaplarynyň içinde däl-de, iň aşaky böleginde «Sponsorlanan» (Sponsored) belligi bilen peýda bolar. Kompaniýa, bu mahabatlaryň emeli aňyň berýän jogaplarynyň hiline we bitaraplygyna täsir etmejekdigini aýratyn nygtady.
Şahsy maglumatlar we howpsuzlyk
Täze modelde ulanyjy gizlinligi iň wajyp mesele bolup durýar. OpenAI tarapyndan berlen beýanata görä:
- Ulanyjylaryň şahsy maglumatlary mahabat berijilere satylmaz.
- Söhbetdeşlik taryhyna esaslanýan mahabatlary isleg boýunça öçürip bolar.
- Saglyk, ruhy saglyk we syýasat ýaly duýgur temalarda hiç hili mahabat görkezilmez.
Şeýle-de, 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin mahabatlar doly gadagan ediler. Gyzykly ýeri bolsa, kompaniýa ulanyjynyň ýaşyny anyklamak üçin olaryň ýazyşyş endiklerini analizleýän ýörite emeli aň ulgamyny ulanmagy meýilleşdirýär.
Bu ädim, diňe OpenAI däl, eýsem Meta ýaly beýleki tehnologiýa gigantlarynyň hem emeli aň arkaly girdeji gazanmak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde görülýär.


