Pawel Durow arzan bahaly emeli aň (AI) hasaplamalaryny amala aşyrmak üçin döredilen täze tor — Cocoon taslamasyny yglan etdi. Taslamanyň ilkinji uly müşderisi Telegram bolar.
2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Dubaýda geçirilen forumda Pawel Durow öz täze taslamasyny — Cocoon hasaplaýyş toruny tanyşdyrdy. Bu ulgamda ulanyjylar öz enjamlarynyň boş duran hasaplama kuwwatyny arenda berip bilýärler, başga ulanyjylar bolsa şol kuwwaty emeli aň ulgamyny işledip peýdalanyp bilýärler. Tölegler TON kriptowalýutasy arkaly amala aşyrylýar. Taslamanyň doly işe girizilmegi 2025-nji ýylyň noýabryna meýilleşdirilýär. Bu taslama “hasaplamalaryň demokratizasiýasy” hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň kömegi bilen güýçli kompýuter resurslaryna elýeterlik has aňsat we arzan bolar.
Cocoon hasaplaýyş tor taslamasynyň maksady
Cocoon diňe bir tehnologiýa däl, eýsem ykdysady taýdan hem uly taslama bolup durýar. Onuň esasy maksady — TON kriptowalýutasynyň giňden ulanylmagyny üpjün etmek we onuň bazardaky ornuny pugtalandyrmak. Bu ýagdaý Ilon Maskyň Dogecoin-i Tesla arkaly goldamagyna meňzedilýär. Bilermenleriň pikirine görä, ulgam durnukly işlemäge başlamak üçin azyndan 100 müň işjeň (aktiw) ulanyjy gerek bolar.
Amazon we Google bilen bäsdeşlik
Cocoon hasaplaýyş torunyň esasy artykmaçlygy — araçylaryň bolmazlygy we bahalaryň öz-özünden bazar arkaly emele gelmegidir.
Amazon Web Services, Google Cloud, Azure we beýleki iri korporasiýalar enjamlaryny täzeläp, işgär saklap durmaly bolýarlar, bu bolsa hyzmat bahasyny ýokarlandyrýar.
Cocoon hasaplaýyş torunda bolsa, ulanyjylar diňe boş duran resurslaryny hödürleýärler. Şonuň üçin hyzmatyň bahasy ep-esli arzan bolýar.

Cocoon hasaplaýyş torunyň gelejegi we çäklendirmeleri
Käbir bilermenleriň pikirine görä, Cocoon giňden ýaýran ulgam bolmaz, sebäbi durnukly global torda birleşdirilen serişdeler iri emeli aň modellerini (meselem, ChatGPT ýaly) doly derejede işledip bilmez. Muňa garamazdan, bu ulgam has ýeňil we gündelik emeli aň wezipeleri — meselem, Telegram botlary, surat döretme hyzmatlary ýa-da üýtgeşik algoritmler üçin peýdaly bolar diýip hasaplanylýar.




