Mobil prosessor pudagynyň öňdebaryjysy Qualcomm, açyk çeşmeli taslamalar üçin döredilen Arduino platformasyny satyn aldy. Satyn alyş bahasy aýdylmady, emma Arduino Qualcomm esasly täze «Uno Q» atly kartyny tanyşdyrdy.
Mobil enjamlar dünýäsi boýunça iň möhüm enjam öndürijileriň biri bolan Qualcomm kompaniýasyndan uly bir ädim geldi.
Kompaniýa metbugat beren beýanatynda Arduino platformasyny satyn alandygyny habar berdi. Satyn alyş bahasy barada Qualcomm tarapyndan hiç hili düşündiriş berilmese-de, bu geleşigiň Arduino-nyň özboluşly ruhuna täsir etmejekdigi nygtaldy. Arduino platformasy öz işlerini garaşsyz ýagdaýda dowam etdirer.
Arduino, esasan hem inženerlige gyzyklanýan adamlar tarapyndan uly gyzyklanma bilen ulanylýan platformadyr. Açyk çeşmeli mikrokontrollerleri we mikroprosessorlary taýýarlaýan bu topar, prototip önümlerden başlap, «özüň edip gör» görnüşli taslamalara çenli dürli ugurlarda ulanylýar. Ine, şeýle tejribeli we meşhur platforma indi öz işlerini Qualcomm kompaniýasynyň düzüminde dowam eder.
Qualcomm prosessorly Arduino Uno Q hem resmi taýdan yglan edildi
Qualcomm-yň düzümine geçen Arduino ilkinji gününden täsirli bir ädim etdi. Taslamaçy topar «Uno Q» ady bilen täze mikrokontrollerini resmi taýdan tanyşdyrdy.
Qualcomm tarapyndan öndürilen Dragonwing QRB2210 prosessor bilen işleýän Uno Q, Linux Debian operasiýa ulgamyny işledip bilýär we USB Type-C porty arkaly klawiatura, syçan (mouse) hem-de ekran bilen baglanyşyk etmäge mümkinçilik berýär. Üstesine, bu mikrokontroller ýeňil emeli intellekt modellerini işledip biljek görnüşde taslanyldy. 47,60 ýewrodan başlanýan bahalar bilen satyljak Arduino Uno Q, kiçi taslamalar üçin öwezini dolup bolmajak enjam bolup görünýär.
Qualcomm kompaniýasynyň Arduino platformasyny satyn almagyndan hoşaldygy äşgär görünýär. Bu barada berlen beýanatda, bu şertnama arkaly 30 milliondan hem köp Arduino ulanyjysynyň Qualcomm tehnologiýalary bilen has aňsat we çeýe ýagdaýda tanyşjakdygy nygtaldy.
Arduino kompaniýasynyň baş direktory Fabio Violante bolsa, Uno Q mikrokontrolleriniň emeli intellekt bilen işleýiş aýratynlygyna aýratyn üns çekdi. Göräýmäge, bu şertnama inženerlige höwesli adamlar üçin gyzykly täsirler döredip biler.



