OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sam Altman emeli intellekt boýunça köp ýyllardan bäri ara alnyp maslahatlaşylýan “ýeke-täklik (singulýar)” düşünjesiniň indi diňe ylmy çaklama däldigini aýtdy. Onuň pikiriçe, adamzat emeli intellektiň ösüşinde täze we möhüm tapgyra gadam basdy.
Relentless podkastynda çykyş eden Altman: «Biz indi ýeke-täklik döwründe ýaşaýarys. Ozal diňe pikir alyşmalarda agzalýan pursat indi hakykata öwrülýär» diýip belledi.
“Bu pursada bütin ömrüm garaşdym”
Sam Altman takmynan on ýyl mundan ozal ýeke-täklik düşünjesiniň diňe alymlaryň we tehnologiýa hünärmenleriniň ara alyp maslahatlaşýan pikiridigini, häzirki wagtda bolsa onuň ilkinji alamatlarynyň görünýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, emeli intellekt adamzadyň geljegini düýpli üýtgedip, ykdysadyýetde, bilimde, saglygy goraýyşda we beýleki köp ugurlarda täze mümkinçilikleri döreder.
Altman ozal hem 2030-njy ýyla çenli emeli intellektiň köp intellektual meselelerde adamdan öňe geçjekdigini aýdypdy. Şeýle hem ol häzirki wagtda adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň 30–40 göteriminiň geljekde emeli intellekt tarapyndan ýerine ýetirilip bilinjekdigini öňe sürüpdi.
Pudakdaky jedeller dowam edýär
Podkastyň dowamynda Sam Altman emeli intellektiň geljegi barada diňe howplary öňe sürýän käbir tehnologiýa wekillerini hem tankytlady. Ol hiç bir kompaniýanyň adyny agzamady, emma bilermenleriň pikirine görä, onuň aýdanlary howpsuzlyk ugurly çemeleşmesi bilen tanalýan Anthropic kompaniýasyna we onuň baş direktory Dario Amodei bilen baglanyşykly bolup biler.
Bu çykyş OpenAI-niň heniz köpçülige hödürlenmedik emeli intellekt ulgamynyň Hugging Face platformasy bilen baglanyşykly waka sebäpli giňden ara alnyp maslahatlaşylýan döwrüne gabat geldi.
Ýeke-täklik (singulýar) näme?
Tehnologik ýeke-täklik (singulýar) emeli intellektiň adam akylyndan ýokary derejä ýetip, öz mümkinçiliklerini adam gatyşmazdan özbaşdak ösdürip bilýän çägini aňladýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykandan soň tehnologiýanyň ösüş depgininiň has-da çaltlaşyp biljekdigi çaklanylýar.
Bu düşünje boýunça alymlaryň we tehnologiýa hünärmenleriniň arasynda henizem dürli garaýyşlar bar. Käbirleri ýeke-täkligi adamzat üçin uly ösüş mümkinçiligi hasaplaýan bolsa, beýlekiler güýçli emeli intellekt ulgamlarynyň howpsuzlyk, ykdysadyýet we jemgyýetçilik taýdan täze töwekgelçilikleri döredip biljekdigini belleýärler.
Şuňa meňzeş garaýşy Google DeepMind kompaniýasynyň baş direktory Demis Hassabis hem öňe sürüp, adamzadyň ýeke-täkligiň bosagasynda durandygyny aýdypdy. Onuň pikiriçe, emeli intellektiň täsiri Senagat öwrülişiginiň täsirinden onlarça esse uly bolup biler.


