Täze monitor 3D effektini äýneksiz döretmek üçin gözüň görejiniň hereketini hakyky wagtda yzarlamak tehnologiýasyny ulanýar we 165 Gs täzeleniş ýygylygy bilen 6K durulygyny hödürleýär.
Samsung kompaniýasy 2027-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän bäş modelden ybarat bolan täze Odyssey oýun monitorlary hataryny yglan etdi. Seriýanyň flaqmany hökmünde 32 dýuýmlyk Odyssey 3D görkezildi, ol “äýneksiz 3D goldawly dünýäde ilkinji 6K oýun monitory” hökmünde ykrar edildi.
Bu monitor bilen şekili “janlandyrmak” üçin äpet 3D äýneklerini dakynmak ýa-da VR şlemlerini geýmek gerek däl. Monitoryň içine gözüň hereketini real wagt tertibinde yzarlaýan ösen datçikler ulgamy ýerleşdirilen. Bu maglumatlara esaslanýan Eye Tracking tehnologiýasy şekiliň perspektiwasyny we çuňlugyny dinamiki usulda sazlaýar.
Aslynda, monitor birnäçe wizual gatlaklary döretmek arkaly beýnini “aldawa salýar”. Netijede, tekiz ekran göwrümli diorama öwrülýär. Ulanyjy oturgyjynda arkaýyn ýazylyp otursa ýa-da ekrana has ýakynlaşsa, surat onuň ýagdaýyna görä uýgunlaşyp, “şol ýerde barlyk” täsirini ýitirmeýär.
Monitor 6K durulygyndaky displeý (6144 x 3456 piksel), 165 Gs esasy täzelenme tizligi we 1 ms jogap beriş wagty bilen enjamlaşdyrylan. Dual Mode funksiýasy arkaly täzelenme tizligini 330 Gs-e çenli ýokarlandyrmak mümkin.
Täzelenen seriýa beýleki modelleri hem öz içine alýar:
- Odyssey G8: 32 we 27 dýuým ölçeglerde, 6K we 5K durulykda.
- Odyssey G6: 27 dýuým ölçegde we rekord derejeli 1040 Gs täzelenme tizligi bilen.
- Odyssey G8 OLED: 4K matrisaly wersiýasy.
Şeýle hem Samsung Stellar Blade we The First Berserker: Khazan ýaly oýunlaryň monitoryň 3D mümkinçiliklerini goldamak üçin ýörite täzelemeleri eýýäm taýýarlaýandygyny mälim etdi.
Öndüriji bahalar we anyk satuwa çykaryljak seneler barada häzirlikçe maglumat bermedi.




