Samsung kompaniýasy Gentle Monster we Warby Parker brendleri bilen bilelikde işläp taýýarlan täze akylly äýnegini resmi taýdan tanyşdyrdy. Android XR operasion ulgamy esasynda işleýän bu enjam ulanyjylara Gemini emeli aňy arkaly gündelik durmuşda akylly kömek hyzmatlaryny hödürleýär.
Birnäçe aý ozal Google I/O çäresinde ilkinji konsept dizaýnlaryny görkezenden soň, Samsung bilen Google geçirilen Unpacked çäresinde akylly äýnekleriniň ahyrky görnüşini köpçülige hödürlediler. Häzirki wagtda Intelligent Eyewear diýlip atlandyrylýan bu enjamlar Gentle Monster we Warby Parker bilen hyzmatdaşlykda döredildi.
Samsung Galaxy Glasses nähili mümkinçilikleri hödürleýär?
Intelligent Eyewear akylly äýnekleri ýeňil çarçuwasy we inçe gurluşy bilen bütin gün rahat ulanylmagyny üpjün edýär, şol bir wagtyň özünde gündelik ulanyşda ýokary çydamlylygy hem saklaýar.
Gentle Monster görnüşi özboluşly moda stilini şöhlelendirýär. Ol tekiz ýokarky gyraly we aşaky bölegi ýumşak tegelek görnüşli inçe gara çarçuwadan ybaratdyr. Bu dizaýn Samsung-yň ozal görkezen konseptinden düýbünden tapawutlanýar we has giň ulanyjy köpçüliginiň gyzyklanmasyny özüne çekmäge gönükdirilendir.
Warby Parker görnüşi bolsa ýeňil ýokary galýan gaş çyzygyna eýe bolan goňur reňkli dizaýnda hödürlenýär.
Samsung dizaýn işleriniň dowamynda iki brend bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, maňlaý we gulak ýaly esasy degiş nokatlaryny kämilleşdirdi. Bu maglumatlar her modeliň ulanyja laýyklygyny ýokarlandyryp, rahatlygy we gündelik ulanylyş amatlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Gemini bilen emeli aň kömegi
Akylly äýnekler Qualcomm Snapdragon AR1 Gen1 platformasynda işleýär we Android XR operasion ulgamyny ulanýar.
Enjamda kamera, mikrofonlar, dinamikler hem-de dolandyrmak üçin äýnegiň gapdal böleginde ýerleşdirilen duýgur sensor meýdançalary bar. Gurlan kamera ulanyjynyň görýän zatlaryny ýazga alyp, Gemini arkaly degişli ýagdaýlara görä akylly maslahatlary we kömegi hödürläp bilýär.
Enjamy sesli buýruklar, degmek we süýşürmek hereketleri arkaly dolandyrmak bolýar. Şeýle hem ol Galaxy Ring, Galaxy Watch we beýleki Galaxy ekoulgamynyň enjamlary bilen sazlaşykly işleýär. Emma hereket arkaly dolandyryş diňe Galaxy Watch 9 we ondan täze modellerde goldanylýar.
Akylly äýnek smartfona birikdirilip, ýönekeý ses buýruklary ýa-da hereketler arkaly uzyn habarlary gysgaça jemläp, göni terjimäni ýerine ýetirip bilýär. Şeýle hem ulanyjynyň görýän duşuşyk tagtasyny, afişalary ýa-da beýleki maglumatlary ýazga alyp, olary Samsung Notes programmasynda redaktirlemäge taýýar görnüşde saklaýar.
Nawigasiýa we giňeldilen mümkinçilikler
Ulanyjynyň ýerleşýän ýerine görä äýnekler gerekli ugra çenli nawigasiýa marşrutyny döredip ýa-da töwerekdäki binalar, taryhy ýadygärlikler we beýleki obýektler barada maglumat berip bilýär.
Gemini dowam edýän gepleşikleriň mazmunyna düşünýär, öňki maglumatlary ýatda saklap, dürli meseleleriň arasynda arabaglanyşyk döredýär hem-de has giňişleýin jogaplary hödürleýär.
Akylly äýnekler Google Maps, Google Translate, Samsung Notes, Spotify we YouTube Music ýaly Google hem-de Samsung programmalary bilen sazlaşykly işleýär.

Batareýasy we satuwa çykarylyşy
Samsung-yň maglumatyna görä, akylly äýnekler garyşyk ulanyş şertlerinde bir gezekki zarýad bilen 9 sagada çenli işläp bilýär. Şeýle hem zarýad gapjygy goşmaça 7 gezek doly zarýad bermäge ukyplydyr.
Şereket häzirlikçe akylly äýnekleriň satuwa çykjak senesini we bahasyny mälim etmedi.



