Soňky ýyllarda Samsung çip öndürmek babatda TSMC bilen bäsleşip bilmän gelýärdi, ýöne soňky döwürde koreýaly ägirdiň işleri gowulaşýan ýaly. Bu sözümiziň tassyklamasy hökmünde kompaniýanyň Nvidia bilen täze şertnama baglaşandygyny aýdyp bolar.
Maglumatlara görä, Nvidia Samsung kompaniýasyny ýöriteleşdirilen prosessorlaryň we XPU-laryň dizaýnyna we önümçiligine kömek etmegi üçin işe çekdi. Bu şertnama GPU-lar (grafiki prosessorlar) barada däl ýaly, sebäbi olary häzirki wagtda diňe TSMC öndürýär. Şeýle-de bolsa, Nvidianyň ösüş depginini nazara alsak, bu Samsung üçin möhüm şertnama hasaplanylýar.
Ýöne, jikme-jik maglumatlar entek doly aýdylanok, ýöne çipler iň soňky 2-nanometr GAA tehnologiýasy bilen öndüriler diýlip çak edilýär. Täze Exynos 2600 prosessorlarynyň öndürijiligi barada gürrüňler dogry bolsa, Samsungyň işleri hakykatdanam gowy barýan ýaly görünýär. Mundan başga-da, TSMC bu tehnologiýany entek taýýar etmänkä, Intel kompaniýasynyň 18A prosesi bar bolsa-da, kompaniýanyň özi onuň bäsdeşleriniň çözgütlerinden has gowudygyny boýun almaýandygyny belläpdi.



