«Samsung» kompaniýasy Günorta Koreýada kämilleşdirilen «Bespoke AI Combo 2026» kir ýuwujy-guradyjy maşynyny tanyşdyrdy. Täze nusga iş netijeliligini ýokarlandyrýan we guradyş göwrümini 2 kg artdyrmaga mümkinçilik berýän döwrebaplaşdyrylan ýylylyk çalşyjy bilen enjamlaşdyryldy. Indi enjam ýuwmak üçin 25 kg, guratmak üçin bolsa 20 kg çenli kir sygdyryp bilýär. Bu model Günorta Koreýanyň bazarynda kir ýuwujy-guradyjy maşynlaryň arasynda iň uly sygymly enjamdyr.
Kompaniýa şeýle hem iş režimlerini täzelledi. Mysal üçin, çaltlaşdyrylan Quick Course sikli indi 2025-nji ýylyň modeline garanyňda 10 minut, 2024-nji ýylyň wersiýasyna garanyňda bolsa 30 minut tiz ýerine ýetirilýär.
Täze enjamda emeli aň mümkinçilikleri hem giňeldildi. «AI Custom+» ulgamy kirleriň agramyny, matanyň görnüşini we hapalanma derejesini seljerýär, şondan soň awtomatiki ýagdaýda ýuwmak we guratmak üçin iň amatly sazlamalary saýlaýar. Şeýle hem enjam has uly dil modeline esaslanýan täzelenen «Bixby» wersiýasyny aldy: ses kömekçisi tebigy gepleşige düşünýär we ulanyjynyň soraglaryna jogap berýär.

Ýene bir täzelik — «Auto Open Door+» funksiýasydyr. Ol kirleriň ýellenmegi we ýakymsyz yslaryň emele gelmezligi üçin, ýuwuş aýlawy tamamlanandan soň gapyny awtomatik açýar. Koreýada bu model iki görnüşde çykdy: öňki nesillerdäki ýaly 7 dýuýmlyk ekranly we täze görnüşli — aýlanýan sazlaýjysy bolan 2,8 dýuýmlyk displeýli warianty. Halkara derejesindäki satuwlaryň ýylyň dowamynda başlanmagyna garaşylýar.



