Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän «Science Co.» kompaniýasy «Mirai Renjian» atly adaty bolmadyk täsin maşgala enjamyny — emeli aň bilen işleýän awtomatik tämizleýji, rahatlandyryjy hem owkalaýjy kapsulany, ýagny adam ýuwujy tehnologiýany döretdi we täze önümini bu ýerde geçirilen «Osaka ekspo 2025» Bütindünýä sergisinde giňden tanyşdyrdy.

Maglumatlara görä, adam ýuwujy enjam ilkinji gezek 55 ýyl mundan ozal Osakada geçirilen Bütindünýä sergisinde görkezilipdir, ýöne şol döwürde tehnologiýanyň gymmatlygy we mümkinçiligiň çäklidigi sebäpli durnuklylyk ýagdaýy ýüze çykypdyr. Häzirki wagtda bolsa ýapon inženerleri akylly hojalyk enjamlary pudagynda ep-esli öňe gidişlik gazandylar. Hut şu nukdaýnazardan-da, 1970-nji ýylda peýda bolan adam ýuwujy tehnologiýasy indi häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda döwrebap derejede has-da kämilleşdirildi.

Enjamdan peýdalanmak üçin adama diňe kapsulanyň içinde ýatmak ýeterlik. «Mirai Renjian» mikroköpürjikli suw akymyny ulanýar we bary-ýogy 1 millilitr suw 60 milliona golaý ownujak köpürjik döredip, duş geli ulanmagy talap etmezden çuňňur arassalamagy üpjün edýär.Ýuwulma prosesi, takmynan, 15 minut dowam edýär.
Mundan başga-da, kapsula ulanyjynyň pulsy, ýürek urşy ýaly fiziologiki görkeziji maglumatlaryna hakyky wagtda gözegçilik edýän datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam üç dürli iş tertibinde işleýär. Ulanyjylar prosedura wagtynda aýdym diňläp ýa-da wideo görüp bilerler.
Osakada geçirilen «Osaka ekspo 2025» Bütindünýä sergisindäki tanyşdyrylyş dabarasyna şäheriň gubernatory gatnaşdy we «Mirai Renjian» atly adam ýuwujy enjamy synagdan geçirip, emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylan täze önüme diýseň ýokary baha berdi.




