Renault elektrikli hetçbek modeli bolan Megane E-Tech Electric üçin giň gerimli täzeleniş işlerini amala aşyrdy. Dizaýnyndan başlap batareýasyna, zarýad tehnologiýalaryndan sanly enjamlaryna çenli köp ugurda täzelenen model indi has uzak menzil we has çalt zarýad mümkinçiligini hödürleýär.
Dizaýn sport ruhuna laýyk täzelendi
2022-nji ýylda satuwa çykarylan Megane E-Tech Electric-iň täzelenen görnüşi Renault kompaniýasynyň täze dizaýn dilini kabul edip, has güýçli keşbe eýe boldy. Öň tarapynda faralardan (öň yşyklardan) başga tas ähli bölekler diýen ýaly täzelendi. Korpus reňkindäki bamper bölegi ulaldyldy we küşt tagtasynyň gözenek dizaýnyndan ylham alnan sekiz bölekli täze LED gündiz çyralary ulanyldy. Ýalpyldawyk gara reňkli ýapyk radiator gözenegi we kapodyň astyna süyşürilen Renault logotipi hem awtoulagyň has dinamiki görünmegini üpjün edýär.
Arka tarapda bolsa, tutuş ini boýunçae uzaýan yzky çyralar saklanyp galdy, emma indi daşky linzasyz üç ölçegli (3D) täze dizaýna geçildi. Has uly batareýa sebäpli awtoulagyň beýikligi 20 mm artdy, emma täzeden dizaýn edilen arka bamper we has giň öň görnüş Megane modeliniň ýolda has durnukly görünmegini üpjün edýärhäsiýetini güýçlendirdi. Muňa garamazdan, gizlin gapy tutawaçlary, uzyn ok aralygy we 19 hem-de 20 dýuýmlyk teker diskleri ýaly häsiýetli dizaýn aýratynlyklary saklanyp galýar.
Iki enjamlaşdyryş derejesi bilen hödürlenýär

Täze Megane E-Tech Electric modeli Techno we Esprit Alpine atly iki enjamlaşdyryş derejesinde satuwa çykarylar. Techno görnüşi korpus reňkindäki öň bamper elementleri we täze 19 dýuýmlyk ýeňil garyndy diskleri bilen gelýär, islege görä 20 dýuýmlyk diskleri hem saýlap bolýar. Esprit Alpine bolsa standart 20 dýuýmlyk diskler, özboluşly daşky dizaýn aýratynlyklary we has sport görnüşi bilen hataryň iň ýokary derejesindäki görnüşi hökmünde ýerleşdirilýär.
Içki giňişlikde (salonda) Techno görnüşinde has ýokary hilli TEP örtükler, islege görä elektrikli oturgyçlar hem-de agaç ýa-da nagyşly bezeg görnüşleri bar. Esprit Alpine bolsa çal-gök geçişli gapy panelleri we sport äheňli salon böekleri (detallary) bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, sazlap bolýan LED ambians yşyklandyrma standart tehnologiýalaryň hataryna girýär.
Täze LFP batareýa bilen menzil 500 kilometre ýetdi
Renault kompaniýasynyň iň esasy täzelikleriniň biri güýç beriş ulgamynda amala aşyryldy. Täze Megane E-Tech Electric seýrek duş gelýän toprak elementlerini ulanmaýan, 220 at güýjüni we 300 Nm tork öndürýän sinhron elektrik hereketlendirijisini saklap galdy, emma batareýa ulgamynda möhüm täzelenme aldy.
Model indi 67 kWt/sag ulanylyp bilinjek göwrümli LFP (Litium Demir Fosfat) batareýasy bilen gelýär. Täze nesil Cell-to-Pack (C2P) arhitekturasyny ulanýan we 232 sany paket (pouch) öyjükden ybarat bolan batareýa toplumy göwrüminiň 53 göterim netijeliligini hödürleýär. Şeýlelikde, öňki 60 kWt/sag batareýa bilen deňeşdirilende, WLTP ölçeglerine görä menzil 460 kilometrden 500 kilometre çenli ýokarlanýar.Zarýad ulgamynda hem gowulandyrmalar geçirildi. DC çalt zarýad güýji 130 kW-dan 165 kW-a çykaryldy, netijede 15%-den 80%-e çenli zarýad almak üçin gerek bolan wagt takmynan 24 minuta çenli gysgaldy.
Model standart görnüşde 11 kW AC, goşmaça görnüşde bolsa 22 kW iki taraplaýyn AC zarýad goldawyny hödürleýär. V2L (Vehicle-to-Load) tehnologiýasy arkaly 220 woltlyk enjamlary 3 700 W-a çenli kuwwat bilen awtomobiliň batareýasyndan işletmek bolýar. Goldanylýan bazarlarda V2G (Vehicle-to-Grid) tehnologiýasy arkaly elektrik toruna energiýa bermek hem mümkin. Şeýle hem ýylylyk nasosy we batareýany öňünden taýýarlamak ulgamy standart enjamlaryň arasynda ýerleşýär.
Gemini emeli aň goldawy we ösen baglanyşyk aýratynlyklary

Salonda Renault kompaniýasynyň 12,3 dýuýmlyk sanly görkezme paneli we 12 dýuýmlyk multimediýa ekranyndan ybarat OpenR ulgamy saklanyp galýar. Google esasly OpenR Link operasion ulgamy indi Google Gemini goldawyna taýýarlandy. Şeýlelikde sürüjiler tebigy gepleşik dili arkaly ulagyň funksiýalaryny dolandyryp, has ösen sesli buýruk tejribesinden peýdalanyp bilerler.
Google Maps-iň elektrik ulaglary üçin ýöriteleşdirilen ugur meýilleşdirijisi zarýad duralgalaryny awtomatiki hasaplap bilýär. Google Play arkaly elýeterli programmalar 100-den geçýär, ulag bolsa üç ýylyň dowamynda aýlyk 2 GB içerki mobil internet bukjasy bilen üpjün edilýär.
Mundan başga-da, sürüjini tanamak ulgamy ýüz tanamak arkaly oturgyç sazlamalaryny we multimediýa saýlawlaryny awtomatik ýükläp bilýär. Täze Smart Mode bolsa sürüş stiline görä Eco, Comfort we Sport režimleriniň arasynda awtomatik geçip, öndürijilik bilen energiýa netijeliligini gowulandyrýar.
30-dan gowrak sürüş goldaw ulgamyny hödürleýär

Täze Megane E-Tech Electric modelinde 30-dan gowrak sürüş goldaw ulgamy bar. Döwrebaplaşdyrylan akylly adaptiw kruiz-kontrol ýoldaky beýleki ulaglary has kämil derejede seljerip bilýär. Görkezme panelindäki gurşaw şekillendirmesi indi ýük ulaglaryny we ýol çyzyklaryny has hakyky görnüşde görkezýär, sürüjiniň reaksiýa bermedik ýagdaýynda ulagyň howpsuz durmagyny üpjün edýän gyssagly duruzma kömekçisi ulgama goşuldy.
Tehniki aýratynlyklar
Täze Renault Megane E-Tech Electric modeliniň ölçegleri: uzynlygy 4 200 mm, ini 1 782 mm, beýikligi 1 522 mm. 2 685 mm ok aralygy, 440 litrlik ýük bölümi we oturgyçlar ýatyrylanda 1 332 litre çenli ýük göwrümini hödürleýär. Boş agramy 1 772 kg hökmünde görkezilýär. Öň tigirlerden herekete getirilýän awtomobildäki 160 kW (220 at güýji) elektrik hereketlendirijisi 300 Nm tork öndürýär. 67 kWt·s LFP batareýa bilen WLTP standartyna görä 500 km-e çenli menzil hödürleýän modeliň iň ýokary tizligi 160 km/sag, 0–50 km/sag tizlenmesi 3,4 sekunt, 0–100 km/sag tizlenmesi bolsa 7,6 sekunt diýlip görkezilýär.
Täze Renault Megane E-Tech modeliniň bahasy
Renault täze Megane E-Tech modeliniň resmi satuw bahasyny entek yglan etmedi. Kompaniýa başlangyç bahanyň häzirki modelden ýokary bolmajakdygyny mälim etdi. Häzirki wagtda Angliýada satylýan Megane E-Tech modeliniň, 1 500 funt sterling möçberindäki elektrik ulaglary üçin ýeňilligini (subwensiýasyny) hasaba alanyňda, başlangyç bahasy 31 295 funt sterling derejesindedir. Renault şeýle hem täze modeliň has ýokary möçberli ýeňilliklerden peýdalanan ýagdaýynda bahasynyň 30000 funt sterlingden aşak düşüp biljekdigini mälim edýär.



