TikTok programmasynda awtomatik taýdan uzyn wideolary gysga dik wideolara öwrüp bilýän täze emeli intellekt guraly – Smart Split atly funksiýa peýda bolar.
Smart Split funksiýasy bir minutdan gowrak dowam edýän wideolar üçin niýetlenýär we podkastlar hem wideobloglar üçin has peýdaly bolar. Guralyň kömegi bilen emeli aňyň özi ahyrky wideonyň dowamlylygyny saýlaýar, subtitr goşýar we wideony dik formata laýyklaýar. Smart Split funksiýasyny TikTok Studio web-platformasynda barlap bolar.
Smart Split funksivasy TikTok programmasynyň täze mümkinçilikleriniň biri bolar. Mundan başga-da, kompaniýa tabşyrylan tema boýunça wideonyň meýilnamasyny düzýän AI Outline funksiýasyny yglan etdi. Ol awtorlara goşmaça sözbaşy düzmäge, heşteg saýlamaga, ssenariý pikirlerini teklip etmäge kömek eder. Bu funksiýa häzirlikçe diňe käbir ýurtlarda we 18 ýaşdan uly awtorlara elýeterlidir. ABŞ-da we Kanadada ony eýýäm ulanyp bolýar, ýakyn hepdelerde giňden ýaýratmak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, TikTok tölegli agzalary bolan awtorlar üçin girdejileri paýlamagyň täze ulgamyny girizdi. Bir aýda 100 müň tomaşa ýygnan we diňe tölegli agzalar üçin azyndan üç wideo hödürlän 10 müňden gowrak agzasy bolan blogerler her aý goşmaça töleg alyp biler.



