Türkiýe Respublikasynyň Senagat we tehnologiýalar ministrliginiň howandarlygynda 2018-nji ýyldan bäri her ýyl guralýan «TEKNOFEST» festiwalynyň 2026-njy ýylda geçiriljek ýeri we wagty yglan edildi. Bu giň gerimli çäräni şu ýylyň 30-njy sentýabry we 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäniň gadymy Şanlyurfa şäherinde geçirilmek meýilleşdirildi.
Festiwalyň geçiriljek ýeriniň saýlanyp alynmagy möhüm mazmuna eýedir: guramaçylar adamzadyň iň gadymy mekanlarynyň biriniň taryhyndan alynýan ylhamy häzirki zaman ýaşlarynyň joşguny we geljegiň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen utgaşdyrmagy maksat edinýärler.
2018-nji ýylda ylmy wagyz etmek boýunça taslama hökmünde esaslandyrylan «TEKNOFEST» şu günki günde döwlet edaralaryny, hususy pudagy, ylmy jemgyýetçiligi we jemgyýetçilik guramalaryny birleşdirýän dünýäniň iň iri aerokosmos meýdançasyna öwrüldi. Festiwal jemgyýetde ýokary tehnologiýalara bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýän özboluşly we durnukly ekoulgamy emele getirýär.
Çäräniň maksatnamasy ähli ýaşdaky gatnaşyjylara täsirli awiasiýa şowhunlaryny, planetariýleriň işini, interaktiw zolaklaryny we köp sanly bilim beriji ussatlyk sapaklaryny hödürlär. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde giň gerimli sergi we ýarmarka zolaklary döredilip, konsertler hem-de dürli sahna çykyşlary bolar.
«TEKNOFEST-iň» esasy wezipeleriniň biri hem ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak we uly pikirleri hakykata öwürmekdir. Şanlyurfadaky festiwalyň çäginde aerokosmos ulgamlaryny we emeli aňy işläp düzmekden başlap, energetikadaky we oba hojalygyndaky innowasiýalara çenli dürli ugurlar boýunça tehnologik ýaryşlar guralar.
Şanlyurfadaky festiwal ýaş zehinleriň, telekeçileriň we höwesjeňleriň duşuşýan ýerine öwrüler.
Geçen 2025-nji ýyl taslama üçin taryhy ýyl boldy we bir wagtyň özünde üç sany iri festiwalyň geçirilmegi bilen tapawutlandy, olaryň biri Türkiýäniň çäklerinden daşarda guraldy. 2025-nji ýylyň maý aýynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy «Ercan» howa menzilinde «TEKNOFEST-i» kabul etdi. Şol ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Stambul gämi gurluşyk kärhanasynyň çäginde «Mawy Watan» (Mavi Vatan) festiwaly, sentýabrda bolsa Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde adaty «TEKNOFEST Istanbul» geçirildi we oňa ýüz müňlerçe tomaşaçy ýygnandy.
Bu wakalar taslamanyň çägini ep-esli giňeltmäge hem-de milli we halkara derejesinde innowasion ruhy berkitmäge mümkinçilik döretdi.
Gatnaşmak isleýänler üçin giňişleýin maglumatlar teknofest.org resmi saýtynda ýerleşdirilendir.




