Milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamak geçen ýylda kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen esasy wezipeleriň biridir. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmagyň çäklerinde ähli edaralarda emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, emeli aň esasynda işleýän «bulutlaýyn» hasaplama tehnologiýalaryndan peýdalanmak, emeli aň ylmy barlaghanasyny döretmek, emeli aň boýunça bitewi döwlet standartlaryny kesgitlemek, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Konsepsiýada esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Şunda ugur görkeziji möhüm resminamany — ýurdumyzyň Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak üçin toplanan halkara tejribäniň, öňdebaryjy gazanylanlaryň, emeli aňyň ýetirýän täsiriniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistan bu ugurda abraýly halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynda sanlylaşdyrmak babatda birnäçe çäreleriň geçirilmegi bellenildi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde guralan şu gezekki okuw maslahatynda hem ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aň tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine we bu ugurda hukuk binýadyny döretmek bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryny dolandyryş ulgamynda ulanmagyň halkara tejribesi, milli maglumatlar binýadynyň howpsuzlygy bilen bagly wezipeler içgin öwrenildi.
Okuw maslahatynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkiýedäki sebitleýin edarasynyň okatmak, ulgamlaýyn pikirlenme we sanly tehnologiýalar boýunça bilermeni Andreas Pawelke emeli aň ulgamyny dolandyryş ulgamyna girizmek, köpçülikleýin ulanmak üçin üns bermeli meseleler barada giňişleýin durup geçdi. Onuň aýtmagyna görä, emeli aň ykdysadyýetleri, jemgyýetleri düýpli özgerdip, döwlet hyzmatlarynyň, senagat, bilim ulgamlarynyň işiniň, zähmet bazarynyň kämilleşdirilmegine ýol açýar. Kärhanalarda, dolandyryş edaralarynda işleri awtomatlaşdyrmak we amallary ýeňilleşdirmek onuň esasy bähbitli tarapydyr. Emeli aň ornaşdyrylan ulgamlar uly göwrümdäki maglumatlary gysga wagtda gaýtadan işlemäge mümkinçilik berip, has möhüm amallara gönükdirmek üçin gymmatly adam maýasyny tygşytlaýar. Netijeliligiň ýokarlanmagy bolsa önümçiligiň artmagyna eltýär. Emeli aňyň durnukly ösüşi çaltlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna garamazdan, ony ornaşdyrmak işi degişli hukuk binýadynda berk terbiýeçilik ölçegleriniň, sanly bilime maýa goýumlary gönükdirmegiň we maglumatlara jogapkärçilikli gözegçilik etmegiň çäklerinde amala aşyrylmalydyr.
Maslahatyň dowamynda çykyş eden Germaniýanyň Mýunhendäki Emeli aň strategiýa institutynyň esaslandyryjysy we emeli aň boýunça baş ýolbaşçysy Tristan Post emeli aňyň bilim, döwlet hyzmatlary we geljekki zähmet bazary ulgamlaryna ýetirjek täsirleri barada has giňişleýin gürrüň berdi. Nygtalyşy ýaly, tehnologiýalaryň we emeli aňyň çalt depginde ösýän häzirki döwri zähmet bazaryna öz täsirini ýetirýär. Ol käbir işlerde öndürijilik kuwwatyny 20 — 30 göterim artdyryp bilýär. Emeli aň hünärmenler üçin mümkinçilikler bilen bir hatarda, täze jogapkärçiligi hem döredýär. Emeli aň arkaly ykdysadyýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, energetikada we ekologiýa ulgamynda möhüm taslamalary durmuşa geçirip ýa-da öňden däp bolan iş usullaryny netijeli esasda ösdürip bolýar. Şeýle taslamalar diňe bir tehniki üstünlik bolman, jemgyýetçilik ösüşiniň hem wajyp bölegine öwrülýär.
Okuw maslahaty «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde döredilen milli sanly ekoulgama baha bermek, toplanan tejribeleri seljermek, geljekki wezipeleri, dolandyryş nusgalary we ýerine ýetirmek üçin gurallary kesgitlemek babatda amatly meýdança bolup hyzmat etdi. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, emeli aňyň mümkinçiliklerini ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Muňa mysal hökmünde 500-den gowrak hyzmaty hödürleýän elektron hyzmatlaryň bitewi döwlet portalyny görkezmek bolar.
Maslahatda strategik meýilnamalaşdyryş işinde käbir ýurtlaryň tejribelerinden mysallar getirildi. Daşary ýurtly bilermenler öwrenilen tejribeleriň we hödürlenen maglumatlaryň Milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdiler. BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň maksatnamalaýyn seljerijisi Gülälek Wolmamedowanyň nygtaýşy ýaly, emeli aňyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetine düşünmek bilen, ýurduň Hökümeti emeli aňyň bähbitli taraplaryndan netijeli peýdalanmagyň we şol bir wagtda mümkin bolan töwekgelçilikleri azaltmagyň esasynda Milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamak ugrunda tagalla edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanda inklýuziw, howpsuz we durnukly sanly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen strategiýany işläp taýýarlamak we sanly mümkinçilikleri artdyrmak babatda goldawlary berýär. Şu maksat bilen, öňdebaryjy bilermenleriň we hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Ýakynda geçirilen okuw maslahatynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary jemgyýetçilik we ykdysady ulgamlary ösdürmekde emeli aňyň, sanly innowasiýalaryň mümkinçiliklerini giňişleýin öwrendiler. Şeýle çäreler talyplaryň tejribesiniň baýlaşmagyny, hünärmenleriň hünär taýdan has-da kämilleşmegini, iň esasysy bolsa, Durnukly ösüş maksatlary baradaky bilimleriniň artmagyny üpjün edýär.
Okuw maslahatyna gatnaşan ýurdumyzyň wekilleri emeli aň boýunça daşary ýurtly bilermenler bilen gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça sowal-jogap alyşdylar.
Türkmenistana saparynyň çäklerinde BMG-niň halkara bilermenleri Maliýe we ykdysadyýet hem-de Aragatnaşyk ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirip, Milli emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamakda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.



