Paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň logistika pudagynyň sanly ösüşinde möhüm waka bolup duran «Transport Expedition» (TEX) atly sanly logistika platformasynyň resmi açylyş we tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanda ilkinji gezek döredilen bu döwrebap sanly ulgam ýük eýelerini, hususy sürüjileri, iri awtoduralgalaryň eýelerini hem-de logistika kompaniýalaryny bitewi onlaýn giňişlikde birleşdirýär.
Dabara logistika ulgamynyň öňdebaryjy bilermenlerini, telekeçileri, önüm öndürijileri hem-de pudagyň ösüşi bilen gyzyklanýan köp sanly myhmanlary bir ýere jemledi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin çärä Google Meet sanly platformasy arkaly onlaýn gatnaşmak mümkinçiligi döredildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, «Transport Expedition» platformasy 160-dan gowrak ugurdaş kompaniýany özünde jemleýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň goldawy bilen «Daşly kenar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan durmuşa geçirildi.
Taslama milli we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda iki ýylyň dowamynda işlenip taýýarlanyldy. Platformanyň esasy aýratynlygy ýurdumyzda logistika hyzmatlaryny dolandyrmagyň ähli tapgyrlaryny sanlylaşdyrmak bilen birlikde, hasaplaşyklary diňe halkara walýutalarynda däl, eýsem milli pul birligimiz bolan manatda hem doly amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ilkinji giň gerimli sanly çözgüt bolmagyndadyr. «Bir penjire» ýörelgesi esasynda işleýän ulgam häzirki zaman web sahypasy hem-de Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenen ykjam goşundylar arkaly ulanyjylara elýeterlidir.

Platformanyň esasy mümkinçilikleriniň hatarynda:
• ýük eýeleri bilen ulag serişdelerini intellektual esasda awtomatiki gabatlaşdyrmak;
• GPS-monitoring arkaly ýükleriň hereketine real wagt tertibinde gözegçilik etmek;
• göni aragatnaşyklar esasynda logistika çykdajylaryny azaltmak;
• maglumatlary seljermek we çykdajylary meýilleşdirmek üçin analitiki gurallary ulanmak ýaly mümkinçilikler bar.
Iňlis, rus we türk dillerinde elýeterli bolan «TEX» platformasy ýokary howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu sanly ulgam logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.Häzirki wagtda platforma doly kuwwatynda işläp başlady. Ondan peýdalanmak isleýänler texexpress.pro internet sahypasynda hasaba alnyp, ulgamyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.
«Transport Expedition» taslamasy Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara söwda-aragatnaşyk mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda amala aşyrylýan özgertmeleriň nobatdaky möhüm ädimi hökmünde çykyş edýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Websaýt: www.texexpress.pro
E-poçta: info@texexpress.pro
Telefon: +993 71397775
Goldaw beren gurama: “Türkmen Logistika” assosiasiýasy (www.tla.tm)



