Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurduň sanly ykdysadyýet ulgamynda programma üpjünçiligini işläp düzýän ýaş hünärmenleri hem-de startap başlangyçlaryny ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilen «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň başlanandygyny yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň resminamalaryny kabul etmek 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli dowam eder. Bäsleşigiň jemleri bolsa Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň çäginde geçiriljek «Türkmentel — 2026» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dowamynda jemlener.
Bäsleşik Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda geçirilýär. Onuň esasy maksady ýokary taýýarlykly IT hünärmenlerini kemala getirmek, sanlylaşdyrma ulgamynda täze startap taslamalarynyň döremegine ýardam bermek hem-de innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegine itergi bermekden ybaratdyr.
Bäsleşige şahsy tertipde ýa-da üç adamdan köp bolmadyk topar bolup gatnaşmaga rugsat berilýär. Topar görnüşinde gatnaşylan ýagdaýynda bolsa toparyň ýolbaşçysyny bellemek hökmany şert hökmünde kesgitlenendir.
Baha bermek üçin web-hyzmatlar, şeýle hem kompýuterler we mobil enjamlary üçin işlenip taýýarlanan programma üpjünçilikleri kabul ediler. Şeýle hem gatnaşyjylar öz taslamalarynyň kiberhowpsuzlygy barada maglumat bermäge, intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly möhletleri görkezmäge borçludyrlar. Mundan başga-da, taslamanyň başlangyç programma kody (source code) hödürlenmegi hökmany talap hökmünde bellenilýär.
Taslamalar aşakdaky 7 ugur boýunça seljeriler:
- emeli aň;
- robototehnika we awtomatlaşdyryş;
- oba hojalygy üçin sanly tehnologiýalar;
- «akylly şäher» çözgütleri;
- bilim we elektron okuw ulgamlary;
- sanly lukmançylyk;
- hyzmatlar ulgamy.
Hödürlenen taslamalara baha bermek maksady bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň umumy ýolbaşçylygynda wagtlaýyn bilermenler topary dörediler.
Her ugur boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan ýeňijiler pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar bilen sylaglanarlar.
Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak we taslamalary kabul etmek işleri telecom.tm internet saýtynyň üsti bilen elektron görnüşde amala aşyrylýar.



