Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Samsung ilkinji gezek üç eplenýän smartfonyny görkezdi. Täze enjamyň ady Samsung Galaxy Z TriFold bolar. Täzelik APEC 2025 sammitiniň çäginde, Günorta Koreýada görkezildi.

Gynansak-da, çäräniň myhmanlaryna we žurnalistlere smartfony elinde synap görmek rugsat berilmedi — görkezme hökmünde diňe iki görnüş aýnaň içinde biri eplenen ýagdaýda, beýlekisi bolsa doly açylan ýagdaýda goýlupdyr.
Maglumatlara görä, Galaxy Z TriFold eplenen ýagdaýynda 6,5 dýuýmlyk ekran bolýar. Ekranyň iki ekrany gapdal taraplara açylýar, bu bolsa onuň “penjire ýaly” açylýandygyny ýada salýar. Doly açylanda smartfon 10 dýuýmlyk ekranly enjam bolýar — bu bolsa ony kiçi planşetlere alternatiwa edýär.
Samsung ilkinji tapgyrda 50 müňden 100 müňe çenli Galaxy Z TriFold smartfonyny öndürmegi meýilleşdirýär. Täze üç eplenýän flagmanyň resmi tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylyň başynda, Galaxy S26 seriýasy bilen birlikde geçiriler.
Kompaniýa bu modeli giň dünýä bazarynda däl-de, çäkli ýurtlarda — esasan Günorta Koreýa we ABŞ bazarlarynda hödürlemäge meýilleşdirýär. Model köpçülikleýin bazara däl-de, tehnologiýa täzeliklerine gyzyklanýan ulanyjylar üçin niýetlenýär.



