WhatsApp messenjeriniň Android üçin beta 2.25.29.12 görnüşinde, ýagdaýlara “sorag gutusy” goşmak aýratynlygy synagdan geçirilýär. Jogaplar diňe iberene degişli bolup, gizlin görnüşde (şifrlenen) saklanar.
WhatsApp, Android üçin beta 2.25.29.12 görnüşinde “Ýagdaý soraglary” atly täze täsirli aýratynlygyny synagdan geçirmäge başlady. Bu aýratynlyk arkaly ulanyjylar ýagdaýlaryna sorag gutusyny goşup, dostlaryndan pikir ýa-da jogap alyp bilerler.
Sorag gutusyna berlen jogaplary diňe ýagdaý paýlaşan adam görüp biler. Gizlinligi üpjün etmek maksady bilen, WhatsApp bu jogaplary uçdan-uja sifrleme arkaly goraga alýar.
Bu aýratynlyk häzirki wagtda çäkli sany beta ulanyjylary üçin elýeterli bolup, geljekde has köp adama hödürlenmegine garaşylýar. Maksat — WhatsApp ýagdaýlaryny has täsirli we ulanyjy üçin amatly ýagdaýda taýýarlamak.
Instagramdaky sorag gutusy aýratynlygyna ýakyn bolan bu täze aýratynlyk, WhatsApp messenjeriniň sosial ulgam tarapyny güýçlendirmek boýunça ädimleriniň biri hökmünde kabul edilýär.



