WhatsApp ulanyjylaryň näbelli belgilerden habar almagyny çäklendirer. Her aý işlejek täze aýratynlyk, ulanyjynyň tejribesini ep-esli ýokarlandyrar. Ýöne bu aýratynlygyň haçan elýeterli boljakdygy häzirlikçe belli däl.
Dünýäde iň meşhur gyssagly habarlaşma programmasy bolan “WhatsApp” ulanyjylara dynç berjek täze aýratynlygyň üstünde işleýär. Kompaniýa TechCrunch-a beren beýanatynda WhatsAppyň, indi ulanyjylaryň diňe telefon kitapçasynda (kontaktlarda) belgisi ýazylan kişilerden däl, eýsem tanalmaýan belgilerden hem çäkli mukdarda habar aljakdygyny mälim etdi. Geliň, bu aýratynlyga jikme-jik ser salalyň.
Täze aýratynlyk nämeleri öz içine alýar?
Häzirlikçe synag tapgyrynda bolan bu aýratynlyk, köplenç ýagdaýda ulanyjylary beýleki kişiler tarapyndan bimaza edilmekden halas eder.
- Eger bir adam size birnäçe gezek habar iberse, ýöne siz jogap bermeseňiz, şol adam size täzeden habar ugradyp bilmez.
- Eger siz jogap berseňiz – ýagny aragatnaşyk gurulsa – bu çäklendirme awtomatiki ýagdaýda aýrylýar.
Habar mukdary häzirlikçe belli däl
WhatsApp, tanalmaýan näbelli belgilerden gelýän habarlara girizjek çäklendirmesiniň çägi barada entek gutarnykly karar kabul etmedi. Kabul ediljek karara görä, bu çäklendirme, belki 5, belki-de 10 habardan soň, bir aýlap täze habar iberilmegine mümkinçilik bermez.
Bu aýratynlyk näme üçin möhüm?
WhatsAppyň bu täze aýratynlygy ulanyjylar üçin gaty möhümdir. Çünki, bu aýratynlyk, esasanam, köp sanly haryt mahabatlandyrýan kärhanalaryň, telekeçileriň şol bir bildirişi yzygiderli ugratmagynyň öňüni alýar. Häzirki wagtda şeýle ýagdaýlar üçin adamlar söhbetdeşligi “sessiz” ýagdaýa geçirýärler. Ýöne, bu täze aýratynlyk bilen, ulanyjylar bu ýagdaýdan doly halas bolup bilerler.




