Dünýäniň iň uly onlaýn ensiklopediýasy bolan iňlis dilindäki Wikipedia, makala ýazmak we gaýtadan redaktirlemek (düzetmek) işlerinde öndürijilikli emeli aň (generative AI) ulanmagy resmi taýdan gadagan etdi. Platforma bu karary alanda, emeli aň bilen döredilen içerikleriň köplenç Wikipediýanyň esasy maglumat dogrulygy we bitewilik syýasatlaryny bozýandygyny esasy sebäp hökmünde görkezýär.
Käbir kadadan çykmalara rugsat berilýär
Bu gadaganlyk doly we kesgitli bolsa-da, işi ýeňilleşdirýän käbir kadadan çykmalara rugsat berilýär. Redaktorlar (editörler) diňe öz ýazan tekstlerini kämilleşdirmek ýa-da grammatik taýdan düzetmek üçin uly dil modellerinden (LLM) peýdalanyp bilerler. Emma bu ýagdaýda hem ýüze çykan tekstiň dogrulygyny hökman barlamaklary talap edilýär. Munuň sebäbi, emeli aň modelleriniň käwagt berlen buýrukdan çykyp, tekstiň asyl manysyny üýtgedip bilmegi we munuň hem çeşmeler bilen gabat gelmezligine (hallýusinasiýa) getirmegidir.
Mundan başga-da, redaktorlar terjime işinde emeli aňdan goldaw alyp bilerler. Ýöne munuň üçin olaryň iki dile-de ýeterlik derejede erk edip bilmegi we ýalňyşlyklary derrew görüp biljek derejede hünärli bolmagy şert edilýär. Terjimeden soňky mazmun ýene-de ynsan gözi bilen barlanmalydyr.
Beýleki dillerde ýagdaý nähili?
Wikipedia ýolbaşçylaryndan Chaotic Enby-niň pikiriçe, bu karar beýleki platformalardaky jemgyýetleri hem herekete getirip biler. Ol bu ýagdaýy, emeli aňyň nähili derejede kabul ediljekdigine tehnologiýa ägirtleriniň däl-de, ulanyjylaryň özleriniň karar berýän döwrüniň başlangyjy hökmünde görýär. Şeýle hem, ol bu syýasaty soňky ýyllarda köp kompaniýalaryň emeli aňy agressiw ýagdaýda daňmagyna garşy tebigy bir reaksiýa hökmünde häsiýetlendirýär.
Beýleki tarapdan, Wikipediýa ýeke-täk merkezden dolandyrylýan gurluş däl; her dildäki Wikipediýanyň öz düzgünleri we redaktorlar jemgyýeti bar. Şonuň üçin käbir wersiýalar emeli aň üçin has açyk bolsa-da, käbirleri has berk düzgünleri ulanyp biler. Mysal üçin, ispan dilindäki Wikipediýa hiç hili istisna (kadadan çykma) etmezden emeli aň ulanmagy doly gadagan eden wersiýalaryň biridir.
Emeli aň bilen ýazylanlary tapmagyň kynçylygy
Şeýle berk düzgünler girizilen hem bolsa, emeli aň arkaly ýazylan tekstleri anyk we kesgitli ýüze çykarmak häzirki wagtda gaty kyn. Şol sebäpli, aýratyn-da az gözden geçirilýän ýa-da has çuňňur ylmy sahypalarda, emeli aňdan gözbaş alýan ýalňyş maglumatlaryň ünsden düşüp galmagy we neşir edilmegi käwagt mümkin bolup biler.


