Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň iň soňky 25H2 wersiýasynda tehniki näsazlygyň bardygyny resmi taýdan tassyklady. Bu näsazlyk Windows dikeltme gurşawynyň (WinRE) işleýşine täsir edip, ulgamy dikeltmek boýunça birnäçe möhüm amallaryň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik döretmeýär.
Ulanyjylaryň habar bermegine görä, täzelenme ornaşdyrylandan soň, dikeltme gurşawyna girilende USB arkaly birikdirilen klawiatura we syçanjyklar işlemeýär. Munuň netijesinde WinRE interfeýsi bilen aragatnaşyk gurmak — ýagny ulgamy dikeltmek ýa-da öňki ýagdaýyna yzyna gaýtarmak amallaryny ýerine ýetirmek — mümkin däl.
Bu näsazlyk, Windows 11-iň iň täze wersiýasyny gurnan ähli ulanyjylara täsir edip biler. Aýratynam, enjamlarynda näsazlyk ýüze çykan hem-de dikeltme serişdelerine ýüz tutmaly bolýan ulanyjylar üçin ýagdaý has howply.
Microsoft näsazlygyň bardygyny resmi taýdan boýun aldy we işläp düzüjileriň eýýäm bu säwligi düzetmek ugrunda işleýändiklerini aýtdy. Säwligi aradan aýyrjak täze täzelenmäniň ýakyn günlerde çykarylmagy meýilleşdirilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, kompaniýa wagtlaýynça ulanyjylara ulgamy dikeltmek bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirende aýratyn ünsli bolmagy maslahat berýär.



