Xiaomi täze HyperOS 2 täzelenmesi bilen HyperAI emeli intellekt ulgamyny ornaşdyrdy. Bu täzelenme Xiaomi enjamlaryny has akylly we has täsirli edýär, ulanyjynyň tejribesini we öndürijiligini ýokarlandyrýar.
Funksiýanyň aýratynlyklary
HyperAI-iň esasy aýratynlyklaryndan biri, syýahatçylary üçin örän amatly bolan çykyşy dürli dillere terjime edýän AI terjimeçisi. Şeýle hem ekrandaky islendik teksti ýa-da obýekti saýlap çalt gözlemäge mümkinçilik berýän “Gözleg üçin tegelek” aýratynlygy girizildi.
Täze girizilen funksiýalar
Beýleki möhüm täzelikler “Real-Time Transcription & Machine Translation” we “Speaker Recognition” funksiýalaryny öz içine alýar. Dürli dillerde subtitr döretmäge we ses ýazgylarynda sesleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, HyperAI teksti azaltmak, ýazgylary düzetmek, suratlary redaktirlemek we statiki şekilleri animasiýa diwar kagyzlaryna ýa-da gysga wideolara öwürmek ýaly mümkinçilikleri üpjün edýär.
HyperOS 2 we HyperAI täzelenmesi Xiaomi 15, Xiaomi Pad 7 / Pro, Xiaomi 14, Xiaomi MIX FLIP, Redmi Note 14 Pro + 5G we Xiaomi Pad 6S Pro enjamlary üçin elýeterli bolar.
Sona Bayramowa Azatmuhammedowna
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak taýýarlyk ugrunyň 2- nji ýyl talyby