Ýewropa Parlamenti sanly özygtyýarlylyk we maglumat gizlinligi syýasatynyň çäginde resmi kompýuterlerinde Google gözleg ulgamynyň ornuna Qwant gözleg ulgamyny ulanmak barada karar kabul etdi.
Şu günden — 2026-njy ýylyň 4-nji iýunyndan başlap, parlament diplomatiýasynyň we dolandyryş edaralarynyň resmi ulgamlarynda deslapky bellenen gözleg ulgamy hökmünde Fransiýanyň Qwant programmasy işe giriziler. Bu taryhy ädim Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) tehnologik garaşsyzlyk we öz-özüňi üpjün etmek strategiýasynyň möhüm bölegi hasaplanýar. Guramanyň resmi wekilleri tarapyndan berlen beýanata görä, bu özgerişlik şahsy maglumatlaryň goralmagy we sanly garaşsyzlyk baradaky borçnamalara doly laýyk gelýär.
Qwant näme?

Qwant — Fransiýada döredilen we ulanyjylaryň şahsy durmuşynyň goragyna aýratyn üns berýän gözleg ulgamydyr. Ol 2013-nji ýylda işe girizilip, Google-a Ýewropadan çykýan alternatiw gözleg hyzmatlarynyň biri hökmünde tanalýar. Qwant kompaniýasynyň baş edarasy Pariž şäherinde ýerleşýär.
Beýleki köp gözleg ulgamlaryndan tapawutlylykda, Qwant ulanyjylaryň gözleg taryhyny yzarlamaýandygyny, şahsy maglumatlaryny satmaýandygyny we gözleg netijelerini şahsy profillere görä üýtgetmeýändigini mälim edýär. Kompaniýa özüni “ulanyjy önüm däl, ulanyjy müşderi” diýen ýörelge bilen häsiýetlendirýär.
Soňky ýyllarda Qwant Ýewropanyň sanly garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan başlangyçlaryň möhüm bölegine öwrüldi. 2024-nji ýylda ol Germaniýanyň Ecosia gözleg ulgamy bilen hyzmatdaşlyga başlap, Ýewropanyň özbaşdak gözleg indeksini döretmek ugrunda iş alyp barýar.
Qwant häzirki wagtda web gözlegi bilen birlikde habarlar, kartalar we beýleki sanly hyzmatlary hem hödürleýär. Gözleg ulgamy Fransiýa, Germaniýa we beýleki Ýewropa ýurtlarynda giňden ulanylýar hem-de Google-a alternatiwa hökmünde görkezilýär.
Sanly özygtyýarlylyk we maglumat gizlinligi
ÝB bilen Google kompýuter ägirdiniň arasyndaky gatnaşyklar eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän we milliardlarça dollarlyk antimonopoliýa jerimeleri, şeýle hem Gemini emeli aň serwisiniň Android ulgamyndaky monopol ýagdaýy baradaky duýduryşlar sebäpli dartgynly häsiýete eýedi. Ýewropa Parlamentiniň bu täze çäresi, ABŞ-nyň tehnologiýa ägirtlerine bolan garaşlylygy azaltmak ugrundaky strategik meýilnamanyň aýdyň subutnamasydyr.
Fransiýada döredilen Qwant gözleg ulgamy ulanyjylary yzarlaýyş ulgamlaryndan goramagy we olaryň şahsy maglumatlaryny mahabat berijilere satmazlygy bilen tapawutlanýar. Google gözleg ulgamyndan tapawutlylykda, Qwant gözleg ulgamy öz ulanyjylaryna emeli aň aýratynlyklaryny (funksiýalaryny) doly ýapmaga we esasy sahypadaky hemaýatkärlik (sponsorlyk) mazmunlary öçürmäge mümkinçilik berýär.
Möhüm Bellik: Şu günden — 2026-njy ýylyň 4-nji iýunyndan başlap brauzerleriň salgy setirinden edilýän gözlegler awtomatik usulda Qwant arkaly amala aşyrylar. Emma bu karar parlament işgärleriniň başga gözleg ulgamlaryny ulanmagyny doly gadagan etmeýär. Ofis işgärleri isleseler deslapky sazlamalary üýtgedip, başga ulgamlary saýlap bilerler.
ÝB mundan ozal hem howpsuzlyk sebäpli Microsoft Teams we Zoom ýaly daşary ýurt platformalarynyň resmi taýdan ulanylmagyny çäklendiripdi.
Ýewropanyň tehnologiýa syýasatynda täze döwür
Häzirki wagtda Ýewropa Komissiýasynyň daşary ýurt tehnologiýalaryna bolan garaşlylygy düýpli azaltjak has giňişleýin Tehnologik özygtyýarlylyk bukjasyny taýýarlaýandygy mälim edildi. Ýewropa Parlamentiniň kanun çykaryjylary eýýäm uzak wagtdan bäri daşary ýurt önümleriniň ornuny tutjak durnukly we ýerli alternatwalaryň döredilmegini talap edip gelýärdiler.
Bu geçiş tapgyry ÝB-niň sanly infrastrukturasyny öz gözegçiligine almak baradaky tagallalarynyň aýdyň görkezijisidir. Google kompaniýasynyň bazardaky agdyklygyna garşy ädilen bu ädimiň, sebitdäki beýleki döwlet edaralary üçin hem nusga bolmagyna garaşylýar.



