2024-nji ýylda jemi 15 müň 926 dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilýär.
«Türkmenistan» gazetiniň habaryna görä, bu görkeziji geçen ýyldakydan 303 adam köpdür.
Olardan 15 müň 303 dalaşgär hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça, 623 dalaşgär bolsa magistr maksatnamasy boýunça kabul ediler.
Habarlarymyzda öň hem belläp geçişimiz ýaly, 2024-2025-nji okuw ýylynda 7 sany täze bölüm açyldy.