Diplomlary Türkmenistanda ykrar ediljek Uniwersitetleriň sanawy, 2024-2025-nji okuw ýylyndan öň bir Uniwersitetde okamagy arzuw edýänler tarapyndan iň köp gözlenýän mowzuga öwrüldi. Bu makalada daşary ýurt Uniwersitetleriň diplomlarynyň haýsylary Türkmenistanda tassyklanjakdygy we haýsysynyň tassyklanmajakdygy barada bolar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýtynda 2024-nji ýyl üçin ýurtda diplomlary tassyklanyljak we nostrifikasiýa ediljek uniwersitetleriň dünýä reýtingi täzelenildi.
Hususan-da, habarda ýurtda (Türkmenistanda) Moskwanyň uniwersitetler boýunça halkara reýtingine, Bütindünýä uniwersitetiniň reýtingine (2024), QS Dünýä uniwersitetiniň reýtingine (2024) hem-de Dünýä uniwersitetleriniň akademiki reýtingine (2024) girýän ýokary okuw mekdepleriniň diplomlarynyň ykrar ediljekdigi bellenilýär. Bilim Ministrliginiň web sahypasynda reýtingleriň paýlaşylan sahypasyna girmek üçin basyň!
Nostrifikasiýa näme?
Nostrifikasiýa — Türkmenistanda deňlik hökmünde daşary ýurtda alnan bilim diplomyny ýa-da şahadatnamasyny ykrar etmek we kabul etmekdir. Bu amal, daşary ýurtlarda alnan bilimleriň we başarnyklaryň Türkmenistandaky bilim ulgamyna laýyklygyny bahalandyrmagy maksat edinýär.
Milli bilim resminamalary bilen deňligini kesgitlemek we ýurtda kanuny güýç bermek maksady bilen Türkmenistanyň daşynda alnan bilim resminamalaryny ykrar etmegiň tertibi.
2024-nji ýylda Türkmenistanda diplomlary tassyklanjak uniwersitetleriň täzelenen sanawy aşakda berilýär.
PDF faýly göçürip almak ýa-da açmak üçin basyp bilersiňiz: