Köpleriň pikir edişi ýaly, daşky gurşawdaky zatlaryň temperaturasyny adamlar ölçäp bilýärler. Bu pikir dogrymy? Daş töweregimizdäki ähli zatlaryň temperaturasy — olaryň düzümindäki atomlaryň we molekulalaryň ortaça hereket tizliginiň ölçegidir.
Atomlaryň we molekulalaryň hereket tizligi näçe ýokary bolsa, şol jisimiň temperaturasy hem şonça ýokary bolýar. Şeýlelikde biz temperaturany has takyk duýýarys diýip pikir edýäris. Ýöne munyň nädogrydygy birnäçe gezek subut edildi. Geliň muny şeýleräk mysalyň üsti bilen düşüneliň. Bir metal bölegi bilen kitaby sowadyja salyň we birnäçe minut garaşyň. Soňra sowadyjydan çykarylan metal we kitaba eliňizi degiriň, metal kitaptan has sowuk bolýandygy duýarsyňyz. Bu ýagdaýda, metal we kitap şol bir temperaturada bolsa-da, metal has sowuk duýulýar.
Metal — ýylylyk geçiriji jisimleriň bir görnüşidir, ol özüne ýylylygy çalt alyp, ýylylyga garşy sowuklygy çalt berýär. Şeýlelik bilen, kitap metal bilen deňeşdirilende, metal siziň elleriňizden çykýan ýylylygy has çalt alýar. Şonuň üçin metal sowuk duýulýar.
Metal we kitabyň temperaturasynyň birmeňzeş bolmagyna garamazdan, metaldan molekulalaryň hereketi siziň deriňize has çalt ýetýär. Şuňa görä-de, metal sowuk duýulýar. Aslynda biz diňe ellerimiziň temperaturasyny duýýarys. Biziň derimizdäki termoduýgy nerwlerimiz diňe öz derimiziň temperaturasyny ölçäp bilýär.
Mergen Gurbanazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 1-njy ýyl talyby



