Akyl ýetirişiniň teoriýasy we umumy garaýşy
Akyl ýetirmek filosofrýa predmetiniň esasy meseleleriniň biri bolup, dünýä akyl ýetirmek bolarmy ýa-da bolmazmy diýen mesele adamzadyň dünýä bolan düýpli gatnaşyklaryny aňladýar. Adamzadyň tebigaty täze bilimleri ele almaklyga ymtylyp gelipdir. Adam paýhasy barlyk baradaky syrlary bilmekde iň ýokary ymtylyşly, döredijilikli çemeleşipdir. Bu bolsa adamzadyň beýik guwanjyny döredipdir. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda barlygyň mazmunyna akyl ýetirmegiň ýolunda çarkandakly, kynçylykly ýollarda sadaja düşünjelerden has çuňňur we köp taraply çylşyrymly düşünjelere aralaşyp bilindi. Adamyň akyl ýetirişi çylşyrymly sistemany emele getirýär we sosial ýatkeşlik hökmünde ruhy baýlyklar nesilden-nesile geçirýär. Akyl ýetiriş ýa-da gnoseologiýa (grekçe gnosis-bilim, akyl ýetirmek) filosofiýanyň döremegi bilen filosofiýanyň fundamental meselesine öwrülýär. Akyl ýetiriş taglymaty akyl ýetirişiň tebigatyny öwredýär. Akyl ýetirişiň görnüşlerini, kanunalaýyklygyny predmetler, obýektler barada ýüzleý düşünjeden başlap, olaryň düýp manysyna, hakykata akyl ýetirmeklige, şonuň bilen birlikde hakykata akyl ýetirmekligiň ýollary-da derejeleri-de öwrenilýär. Adam hakykata akyl ýetirmekde ýalňyşlyklary goýberýär we şonuň esasynda hem adam ol ýalňyşlyklary düzedýär we ýeňip geçýär. Gnoseologiýanyň iň esasy wajyp meseleleriniň biri hem älem barada, adam we adamyň döredenj emgyýeti barada hakykata laýyk gelýän bilimleri öwredýär. Şonuň ýaly hem köp soraglar beýleki ylymlarda we jemgyýetçilik durmuşynda köp gabat gelýär.
Demokrit akyl paýhas teoremasynyň mazmuny
Demokrit akyl ýetirişi şöhlelenme bilen deňeşdiripdir. Şöhlelenme eýdos diýlipdir. Platon hem şöhlelenmäni akyl ýetirişiň esasy diýip ýatlaýar. Materialistler şöhlelenme biziň aňymyzda garaşsyz ýaşaýan obýektiw reallyk bolup, akyl ýetirişiň esasy çeşmesi hökmünde garaýarlar. Idealist filosoflar bolsa, ählizamanada şöhlelenme düşünjesinden gaça durýarlar. Akyl ýetirişi diňe subýektiň döredýän prosesi diýip, düşündirmeklige synanyşýarlar, ideýalar aňyň ruhuň çuň gatlaklarynda bolup, olar öz-özünden ýüze çykýarlar diýip, belleýärler. Bu fllosoflaryň pikirine görä, obýektiw dünýä adam aňynyň döredeni diýip, düşündirmeklige deňeşdirme hökmünde synaryşýarlar. Filosoflaryň bir toparlary dünýäniň şöhlelenmesine akyl ýetirip bolar, beýleki bir topary bolsa akyl ýetirip bolmaz diýip tassyklaýarlar.
Türkmen oba hojalyk instituty
4-nji ýyl talyby Kebeliýewa Ogulnabat



