Ylmy barlag topary pyrtykal gabygyny bişirilen önümlere ýa-da çaýa goşmakdan başga-da ulanmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Ýagny, agyr metallary akar suwlardan aýyrmak üçin ulanylyp bilner. Bu barlag Ispaniýanyň Granada uniwersitetiniň alymlary, Meksikanyň elektrohimiýa gözleg we tehnologiki ösüş merkezindäki kärdeşleri bilen bilelikde geçirildi. Pyrtykal gabyklary wakuumda guradylýar we himiki bejergä sezewar edilýär. Netijede, gabyklaryň gözenekliligi we üstki meýdany ýokarlanýar, şondan soň maýdalanýar. Tejribehana seljermeleri bu bejergiden soň pyrtykal gabygynyň akar suwlardan mis ýaly agyr metallary üstünlikli siňdirýändigini görkezdi. Granada uniwersitetiniň alymlarynyň biri Romero Kano: «Barlagyň netijeleri, bu materiallary işjeň kömür bilen bäsleşip bilýän adsorbent hökmünde ulanmak üçin uly mümkinçilik görkezdi» -diýip belläp geçýär. Ýeri gelende aýtsak Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary sitrus gabygyndan alnan bir maddany öz içine alýan polimer ulanyp, agyr metallary suwdan çykarmagy başardylar.
Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.