Uzakdan dolandyrylýan ROV SuBastian tehnologiýasyny ulanyp, gözlegçiler 1300 metr çuňlukda deňiz düýbünden bize nämälim ekosistemany tapdylar.
Şmidt adyndaky Okean institutynyň hünärmenleri Antarktidadan aýrylan äpet A-84 aýsbergiň aşagynda emele gelen deňiz düýbüni ilkinji bolup öwrendiler. Gözlegçiler onlarça, hatda ýüzlerçe ýyl bäri buzuň aşagynda ýaşaýan baý we dürli ekosistemalara duş geldiler.
Aýsberkdäki ýaşaýyş
2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryna çenli Georg VI shelf buz aýsbergiň meýdany 510 inedördül kilometre barabardyr.
Uzakdan dolandyrylýan ROV Subastian enjamyny ulanyp, gözlegçileriň 1300 metr çuňlukda deňiz düýbüni öwrenendigi bellendi. Uly merjenleriň, buz balyklarynyň, äpet deňiz möýleriniň we sekizaýaglaryň ýaşaýan ekosistemasyny tapdylar. Alymlar bu jandarlaryň onlarça hatda ýüzlerçe ýyl bäri buzuň aşagynda bar diýip hasaplaýarlar.
Adatça, çuň suwly ekosistemalar daşarky çeşmelerden ýokumly maddalary alýarlar. Şeýle-de bolsa, bu ýer gün şöhlesinden we 150 metr buzuň aşagyndaky daşarky çeşmelerden doly kesildi. Hünärmenler bu ekosistemanyň okean akymlary bilen üpjün edilýän iýmitlerde saklanyp galandygyny aýdýarlar.
Alymlaryň gözleg netijeleri
Bilermenler biologiki gözleglerden başga-da sebitiň geologiýasy we fiziki okeanografiýasy barada maglumatlary ýygnadylar. Özbaşdak suwasty ulaglary ulanyp, buzuň eremegi bilen öndürilýän suwuň ummanyň himiki we fiziki aýratynlyklaryna nähili täsir edýändigini öwrendiler. Bu maglumatlar howanyň üýtgemeginiň Antarktidanyň buz örtügine we deňiz derejesine edýän täsirine has gowy düşünmäge kömek eder.
Alymlar bellemegine görä «Ekspedisiýa bize şeýle uly buz böleginiň aşagyndaky ekosistemalary ilkinji gezek jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berdi.» Hasabatda «Bu açyş, aşa agyr şertlerde ýaşaýşyň nähili bolup biljekdigine we howanyň üýtgemeginiň Antarktidada nähili täsir edip biljekdigine düşünmek üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumatlar berdi» diýip belläp geçdiler
Orazowa Gülkamar
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby