Fizikler dünýädäki iň güýçli bölejik tizlendiriji “Large Hadron Collider” (LHC) -de gurşuny altyna öwürmegi başardylar.
Asyrlar boýy gurşuny altyna öwürmek pikiri – hrizopeýa – ýetip bolmajak maksat ýalydy. Bu iki metal meňzeş dykyzlyga eýedir, ýöne atom derejesinde tapawutlanýar, şonuň üçin himiki usullar bilen bir metala öwrüp bolmaz. Muňa garamazdan, ýadro barlaglary guramasy (CERN) tarapyndan tassyklanylyşy ýaly, ýadro reaksiýalaryny ulanmak arkaly gazanyp bolar.
Tejribäniň geçirilişi
Gözleg wagtynda gurşun ýadrolary ýagtylygyň tizliginiň 99,999993 göterimine çenli tizlendi. Olar kelläme diýen ýaly çakyşdylar, ýöne iň soňky pursatda aýrylyşdylar. Foton ýadro reaksiýalary başlandy, bu seýrek ýagdaýlarda gurşun ýadrolarynyň (82 proton bilen) üç protonyň ýitmegine we altyna öwrülmegine sebäp boldy (79 proton bilen). Bu proses sekuntda 89,000 üýtgeşme bilen bolup geçdi, ýöne emele gelen atomlar çalt dargady.
Netijeler seljerildi
Alymlar gurşunyň altyna öwrülip biljekdigini tassykladylar, ýöne öndürmek üçin “Large Hadron Collider” -i ulanmak iň gowy pikir däl. Synaglaryň dowamynda alymlar az mukdarda altyn aldylar – toý ýüzügi ýasamak üçin zerur bolanlardan trillion esse az. Gymmat bahaly metaldan bir gram çykarmak üçin, kollaýder kwadrillion ýyl işlemeli bolar diýip çaklaýarlar.
Tekeýewa Güljemile
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar Lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby


