Arheologiýa — geçmiş medeniýetiň, taryhyň, halklaryň ýaşaýyş düzgünleriniň we ösüş ugurlarynyň gymmatly çeşmesidir. Gadymy döwürlerden galan maddy baýlyklary öwrenmek arkaly ynsanyň taryhynyň köp çylşyrymly ýagdaýlaryna anyk düşünje almaga mümkinçilik berýär. Arheologlaryň alyp barýan gazuw-agtaryş işleri geljegimizi yşyklandyrýan möhüm ylmy maglumatlary ýüze çykarýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladasy netijesinde ýurdumyzda arheologik barlaglara aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýerlerimizde alnyp barylýan ylmy barlaglar täze taryhy maglumatlary ýüze çykarýar.
Arheologiýa diňe geçmişi öwrenmek däl, eýsem geljegimizi dogry gurmak üçin zerur ylmy esaslary berýär.
Arheologiýa sözünüň manysy
Arheologiýa, grekçe “köne” we “söz, öwrenmek” diýmegi aňladýar. Ol adamyň taryhy geçmişini maddy çeşmeler arkaly öwrenýän ylymdyr. Arheologlar adamyň geçmişini açmak üçin ýeri gazyp tapyndylary öwrenmek bilen meşgullanýarlar.
Esasy maksady: Arheologiýanyň esasy maksady maddy ýadygärlikleri (ýadygärlikler, gurallar, geýimler, hojalyk esbaplary, ýazgylar we beýlekiler) öwrenmek arkaly geçmiş jemgyýetleriň durmuşyny we taryhyny bütinleýin ýa-da bölekleýin yzyna dikeltmekdir. Geçmişden tapylan her bir arheologik tapyndy halkyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri barada täze maglumat berýär.
- Arheologik barlaglaryň netijesinde taryhy wakalaryň hakyky zaman we giňişlik taýdan ýerleşişi anyklanylýar.
- Tapylan maddy serişdeler döwrüň ykdysady we medeni derejesi hakynda möhüm maglumatlary berýär.
- Arheologlar täze tehnologiýalary ulanmak arkaly tapyndylary has çalt we takyk öwrenmäge mümkinçilik alýarlar.
- Geçmiş medeniýetleriň öwrenilmegi häzirki zaman jemgyýetiniň öz ösüş ýoluny aýdyň görmek üçin uly ähmiýete eýedir.
- Arheologik gazuw-agtaryşlaryň netijeleri muzeýlerde görkezilip, halkyň taryhy mirasa bolan söýgüsini artdyrýar.
- Arheologiýa ylmy halklaryň biri-biri bilen taryhy gatnaşyklaryny seljermäge hem kömek edýär.
- Arheologlar taryhy döwürleriň açylmagy üçin kömek etjek arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler.
Netijede, arheologiýa diňe geçmişi öwrenýän ylym bolman, eýsem geljege ýol görkezýän, jemgyýetiň medeni ösüşine uly täsir edýän möhüm ylmy ugur bolup durýar.
Mosanowa Mährijemal
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiniň mugallymy




