Daş ýaly gaty bir zady göz öňüne getiriň. Ol daşyndan dykyz we gaty görünýär, emma onuň atom derejesine seretsek, ondaky has uly boşlugy görip bileris.
Atom protonlary we neýtronlary öz içine alýan kiçijik ýadrodan we ýadrosy aýlanýan elektronlardan durýar. Emma atomyň ululygy bilen deňeşdirilende ýadronyň we elektronyň ululygy azdyr. Atomyň ýadrosy nohut ululygynda bolsa, elektronlar ondan birnäçe metr uzaklykda ýerleşerdi.
99.99% Boşluk: Geň galdyryjy hakykat
Bu atomyň 99,99% boş ýerdigini aňladýar. Ähli jisimler atomlardan ybarat bolany üçin, olar 99,99% boş ýere eýedirler. Bu bedenimize we töweregimizdäki ähli zatlara degişlidir.

Hakykatda, atomlaryň ýadrolarynyň töwereginde aýlanýan elektronlaryň beýleki atomlaryň elektronlaryny yzyna gaýtarýan elektromagnit meýdany döredýär. Bu bolsa obýektleriň berklik häsiýetini emele getirýär.
Aslynda bu diňe bir materiýanyň gurluşyna düşünmek üçin bolman, eýsem älemiň gurluşyna düşünmek üçin hem möhümdir. Kosmos hem çäksiz bir uly boş ýerdir, hatda galaktikalardaky ýyldyzlar hem biri-birinden gaty uzak aralykda ýerleşýär.
Bu nämäni aňladýar?
Bu tebigatyň ajaýyp we täsin gapma-garşylyklardan doludygyny aňladýar. Bu hakykata bolan garaýşymyzyň çylşyrymly fakt bolup biljekdigini we görnüp duran berkligiň aňyrsynda giň boşlugyň bardygyny görkezýär.
Atomlaryň we älemiň içindäki boşluk düşünjesi diňe bir ylmy hakykat bolman, bu tebigaty we ondaky ornumyz hakda pelsepewi düşüdiriş bolup galýar.
Çaryýew Ilýas,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby


