Başlangyç synp mugallymlary çagalaryň ilkinji bilim ädimlerini alyp barýarlar. Okuwçylara okamak, ýazmak we hasaplamak başarnyklaryny öwretmek bilen bir hatarda, mugallymlar olaryň pikirleniş ukybyny ösdürýärler. Bu ýyllarda alnan bilim geljekki okuw we durmuş üstünlikleriniň binýadyny düzýär. Şonuň üçin başlangyç synp mugallymlarynyň bilim bermek işindäki roly örän ulydyr.
Terbiýeçilik we şahsyýet kemala getirmek
Başlangyç synp mugallymlary diňe bilim bermän, terbiýeçilik işine hem gönükdirilen bolmalydyr. Olar çagalary sabyrlylyk, dogruçyllyk, hyzmatdaşlyk we mylaýymlyk ýaly gymmatlyklary öwredýärler. Mugallymyň şahsy häsiýetleri we alyp barýan nusgawy hereketleri çaga üçin örän täsirli bolup, olaryň şahsyýetini we jemgyýet bilen gatnaşyklaryny kemala getirýär.
Psihologik goldaw we oňyn gurşaw
Mugallymyň sabyrlylygy we oňyn garaýşy synpda psihologik durnuklylygy üpjün edýär. Çagalar özlerini erkin we howpsuz duýanda, bilim almaga höwesli bolýar. Başlangyç synp mugallymlary çagalara üns berip, olaryň duýgudaşlygyny we özüne bolan ynamyny ösdürýärler. Bu bolsa çagalaryň geljekde jemgyýetde has täsirli, ynamly we gurşaw bilen sazlaşykly bolmagyna ýardam edýär.
Jemgyýetdäki geljegiň binýady
Başlangyç synp mugallymlary geljek nesliň liderlerini, alymlaryny we döredijilik işgärlerini taýýarlaýarlar. Olaryň zähmeti diňe bir okuwçylaryň akademiki üstünlikleri bilen çäklenmeýär, eýsem tutuş jemgyýetiň ösüşine gönükdirilen bolup durýar. Mugallymyň işi geljegiň bilimli, terbiýeli we jogapkär jemgyýet döremegine gönükdirilen esasy ädimdir.
Bazarowa Narida
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy


