Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhyna nazar salanymyzda, onuň ruhy güýjüniň, döwletlilik düşünjesiniň we jemgyýetçilik sazlaşygynyň gözbaşynda hemişe bilim bilen terbiýäniň bitewüligi durandygyny görýäris. Ata-babalarymyz “bilim – akylyň nury, terbiýe – ynsanyň ýüzi” diýip, bu iki gymmatlygy biri-birinden aýrylmaz hasaplapdyrlar. Şonuň üçin hem türkmençilikde bilim diňe bir öwrenilen maglumat däl, eýsem terbiýe arkaly kämilleşýän milli gymmatlyk hökmünde kabul edilipdir.
Türkmen jemgyýetinde terbiýe ilki bilen maşgala ojaklarynda başlanýar. Ene-atanyň edep-terbiýesi, ululara hormat, kiçilere mähir, halal zähmete ygrarlylyk ýaly häsiýetler nesilden-nesle geçip, halkymyzyň ruhy sütünine öwrüldi. Şeýle terbiýe bilen berlen bilim adamy watansöýüji, jogapkärli we ynsanperwer şahsyýet hökmünde kemala getirýär.
Bilim – beýik işleriň binýadydyr
Emma ol terbiýe bilen sazlaşmasa, öz maksadyna ýetip bilmez. Terbiýesiz bilim halkyň bähbidine däl-de, tersine, ruhy durnuklylyga zyýan ýetirip biler. Türkmen halkynyň pähim-paýhasynda bolsa bilim hemişe ahlak, edep we milli düşünje bilen utgaşyp gelipdir. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde-de bilimli, edep-terbiýeli adamyň jemgyýet üçin näderejede gymmatlydygy aýratyn nygtalýar.
Häzirki döwürde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, milli bilim-terbiýe ýörelgeleri döwrebap mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň diňe bir ylmy taýdan däl, eýsem milli ruhda, watansöýüji, ahlakly şahslar hökmünde kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ata-babalarymyzyň miras galdyran terbiýeçilik ýolunyň häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Beýik işler bilime daýanýar, ýöne şol bilim diňe terbiýe bilen kemala gelen ýagdaýynda hakyky güýje eýe bolýar. Türkmen halkynyň milliligine mahsus bolan bu bitewülik jemgyýetiň durnukly ösüşini, ruhy kämilligini we geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün edýän mukaddes ýol bolup durýar. Bilim bilen terbiýäni aýrylmaz hasaplaýan halkyň geljegi hem hemişe nurly we berk binýatly bolar.
Nepesowa Şabibi,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi




