Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýän iň möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. Bilim diňe bir adamyň şahsy kämilligini kemala getirmän, eýsem döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, jemgyýetiň ruhy-medeni derejesini ýokarlandyrmakda we geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde hem aýgytly orny eýeleýär. Şonuň üçin hem bilim ösüşiň baş çeşmesi hasaplanýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde alnyp barylýar. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işini täzeçe çemeleşmeler esasynda guramak, ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu işler döwletimiziň uzak möhletli ösüş maksatlary bilen berk baglanyşyklydyr.
Bilimli jemgyýet — ösüşe ymtylýan, geljegi anyk maksatlar bilen gurýan jemgyýetdir. Bilim adama diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem pikirlenmek, seljermek, döredijilikli çözgüt tapmak ukybyny hem ösdürýär. Şeýle häsiýetler häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi ylmy-tehniki ösüşiň çalt depginde ösýän şertlerinde diňe bilimli we taýýarlykly adamlar döwür talaplaryna laýyk hereket edip bilýärler.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, täze hünärleri özleşdirmegine, ylma we innowasiýa gyzyklanmasynyň artmagyna itergi berýär. Okuw jaýlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze okuw maksatnamalarynyň girizilmegi bu ugurdaky döwlet aladasynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle mümkinçilikler ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny doly açmagyna şert döredýär.
Bilim ulgamy diňe bir ykdysady ösüşe däl, eýsem jemgyýetiň ruhy-ahlak kämilligine hem güýçli täsir edýär. Bilimli adam jemgyýetçilik gymmatlyklaryna hormat goýýar, kanunlara eýerýär, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri özünde jemleýär. Şonuň üçin hem bilim ýaş nesli terbiýelemegiň, olaryň jemgyýet üçin peýdaly adamlar bolup ýetişmeginiň esasy guralydyr.
Geljekki nesilleriň ylymly, zehinli, giň düşünjeli bolup kemala gelmegi ýurdumyzyň geljeginiň berk binýadydyr. Bilim üçin döredilýän şertler diňe häzirki günüň däl, eýsem ertiriň hem ösüşini üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, ýaşlaryň bilim almagyna, hünär öwrenmegine, döredijilikli pikirlenmegine döredilýän şertler ýurdumyzyň geljegi üçin ynamly ädim bolup durýar. Bilimli nesil bolsa Watanymyzyň röwşen geljeginiň berk binýadydyr.
Çaryýewa Gülsün,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 19-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi


