Bilim — logiki ýa-da hakykata esaslanyp we tejribe bilen tassyklanyp ýa-da iş ýüzünde tassyklanyp bilinjek bir zada düşünmekdir. Häzirki zaman epistemologiýasynyň umumy düşündirişine görä, bilim hakyky ýagdaý, adamyň ynanjy faktlar we rasional argumentler bilen delillendirilýär. Bilim hakda aýdanymyzda, köplenç hakykatyň adam aňynda şöhlelenmegini aňladýar.
Häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmek bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň häzirki zaman talaplaryna, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlaryna laýyklykda, ussat ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, öz milli ykdysadyýeti, medeniýeti, özbaşdak içeri we daşary syýasaty bolan, dünýäde giňden ykrar edilen parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde tanaldy. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegine uly badalga berýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde çäksiz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Dursun Durdygylyjowa
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi