Ata Watanymyz Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça giň ösüşlere eýe bolýar. Şol ösüşleriň iň möhüm we döwrüň talabyna laýyk gelýän ugurlarynyň biri hem bilim ulgamynda sanly ulgamyň ösdürilmegidir. Häzirki döwürde dünýäniň ösýän ýurtlarynda giňden ornaşdyrylýan sanly ulgam ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüş ýoluny-da täze belentliklere göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda sanly bilim resurslary giňden peýdalanylýar. Okuwçylaryň we talyplaryň döwrebap elektron kitaplardan, maglumat bazalaryndan, onlaýn sapaklardan peýdalanyp bilmegi ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyk derejede bilim almagyna giň ýol açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmegi netijesinde bilim ulgamynda sanly ulgam diňe bir okuwyň hilini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmegine, täze tehnologiýalara ussatlyk bilen erk etmegine hem şert döredýär.
Bilim ulgamynda gazanylýan sanly ösüşler Garaşsyzlygymyzyň bize beren beýik miweleriniň biridir. Çünki diňe öz ösüş ýoluny saýlap alan döwletimizde şeýle giň mümkinçilikler döreýär. Ýaş nesillerimiziň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmagy, ylmy-barlaglara işjeň gatnaşmagy we giň gözýetimli şahsyýetler bolup ýetişmegi Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadydyr.
Şeýlelikde, sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy ata Watanymyzyň ösüş ýolunda täze sahypany açýar. Bu üstünlikler ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Elbetde, sanly bilimiň ösdürilmegi diňe bir häzirki döwrüň talaby däl, eýsem, ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň açarydyr.
Ataýewa Tylla,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 101-nji toparynyň talyby


