Çagalary öwrenmäge nädip itergi bermeli?
Nädip çagalarda bilesigelijilik uçgunyny oýaryp, öwrenmegi gyzykly başdan geçirmä öwrüp bileris? Geliň muny öwreneliň!
Oýun iň gowy mugallym:
Çagalar oýun arkaly gowy öwrenýärler.
Okuwy gyzykly oýna öwüriň! Şonda her sapak täze başdan geçirmeler bilen gyzyklanma döreder.
Çagalarda öwrenmek höwesini artdyrmak üçin açyk reňkli kartoçkalary we tagta oýunlaryny ulanyň.
Çagaňyza tejribe we ukyp-başarnyk arkaly dünýäni öwrenmäge mümkinçilik beriň.
Bilesigelijilik atmosferasyny dörediň:
Çagalaryň “Nähli?, Näme üçin? we Nädip?” diýip gyzyklanyp sorag bermegini we jogap gözlemegini dörediň we höweslendiriň.
Kitaplary bilelikde okaň, bilim programmalaryna tomaşa ediň, muzeýlere we sergilere alyp gidiň we ol ýerler barada tanyşdyryň.
Aýry-aýry çemeleşmeleri tapyň:
Her bir çaganyň öz gyzyklanmalary we başarnyklary bar.
Çagaňyzy gyzyklandyrýan zatlara düşünmäge we onuň gyzyklanmalaryny öwrenmäge synanyşyň.
Oňa öwrenmek üçin mowzuklary saýlamaga mümkinçilik beriň we kömek ediň.
Goldaw we öwgi:
Netijesi gowy bolmasa-da, çagaňyzyň tagallalary üçin öwüň.
Şowsuzlyklarynda oňa goldaw beriň we kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek ediň.
Çagaňyzyň ýalňyşlyklaryndan gorkmaýan howpsuz gurşaw dörediň.
Öwretmegiň dowamy:
Öwretmegi gündelik durmuşyňyzyň bir bölegine öwüriň.
Täze zatlary öwretmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň.
Mysal üçin, ýöräp barýarkaňyz, agaçlaryň we gülleriň atlaryny öwredip bilersiňiz, nahar taýýarlaýarkaňyz, ingredientleri sanap bilersiňiz.
Şahsy mysal iň gowy itergi:
Çagalar ululary synlamak arkaly öwrenýärler.
Çagaňyza täze zatlary öwrenmegi we tapmagy gowy görýändigiňizi görkeziň.
Kitap okaň, güýmenje bilen meşgullanyň, töweregiňizdäki dünýä bilen gyzyklanyň.
Amatly gurşaw dörediň:
Çagaňyz üçin amatly okuw şertlerini taýýarlaň.
Okuw üçin ähli zerur materiallary ulanyň.
Telewizor we kompýuter ýa-da telefon ýaly elektronik enjamlary köp ulanmazlygyna gözegçilik ediň.
Çagaňyza aşa iş ýüklemäň:
Okuw stres ýagdaýda däl-de gyzykly we täsirli bolmaly.
Çagaňyza köp ýumuş ýüklemäň.
Oňa dynç almaga we oýnamaga wagt beriň.
Çagaňyza meseleleri çözmäge we özbaşdak karar bermäge mümkinçilik beriň.
Inisiatiwasyny we döredijiligini höweslendiriň.
Oňyn duýgularyň üsti bilen öwrediň:
Okuwy oňyn duýgular bilen baglanyşdyryň.
Öwrenmekde gyzykly we ýatda galyjy täsirli ýagdaýlary döretmek üçin degişme, aýdym-saz we sungat döredijiligini ulanyň.
Çagalary öwrenmäge höweslendirmek, olarda bilesigelijilik uçgunyny tutaşdyrmagy aňladýar, bu bolsa olaryň bütin ömrüne bilim ýoluny yşyklandyrar.
Jemal Bahadurowa,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy


