Çagalaryň irki ýaşdan öwrenmäge bolan höwesi olaryň geljekki durmuşyna, bilim derejesine we döredijilik ukybyna gönüden-göni täsir edýär. Şonuň üçin hem çagalaryň içki islegini oýarýan, öwrenmegiň lezzetini duýdurýan, ruhlandyrýan okuw usullary aýratyn ähmiýetlidir. Häzirki döwürde terbiýeçiler hem-de mugallymlar dürli innowasion we tejribeli usullary ulanyp, çagalarda okamaga bolan islegi döredýärler.
Oýun arkaly öwretmek usuly
Oýun, çaga dünýäsi üçin iň tebigy öwreniş ýoludyr. Çagalar oýun arkaly pikirlenýärler, öz pikirini beýan edýärler, herekete girýärler we kynçylyklary ýeňýärler. Terbiýeçi oýunlary maksatly saýlanda çaga öwrenýändigini duýman, lezzet bilen täze zatlary kabul edýär. Renkli suratlar, düzzüm oýunlary we surat oýunlary ýaly çäreler çaganyň ünsüni çekýär we öwrenmek höwesini güýçlendirýär.
Geň galdyryjy sapaklar
Çaganyň tebigy taýdan gyzyklanma endigi örän güýçlidir. Sapaklar adatdan daşary usul bilen geçirilende, görkezmeler, tejribeler, gyzykly soraglar arkaly çaga “Näme üçin şeýle bolýar?” diýen pikir bilen öwrenmäge ymtylýar. Geň galdyryjy pursatlar öwrenmegiň ýolundaky iň güýçli itergidir.
Mazmunly gürrüňdeşlik we sorag-jogap usuly
Çagalar öz pikirini aýdyp bileninde, gürrüňe goşulanda özlerini möhüm duýýarlar. Terbiýeçi tarapyndan dogry berlen soraglar olaryň logiki pikirlenişini açýar, jogap bermäge bolan höwesini artdyrýar. Sorag-jogap usuly arkaly çaga diňe maglumat alman, eýsem, özüni görkezmäge mümkinçilik tapýar.
Amaly işler we tejribeler
Çaganyň eli bilen ýerine ýetiren işi onuň diňe gulak arkaly diňlän maglumatyndan has uzak ýadynda saklanýar. Amaly işler, kiçi tejribeler, reňk garyşdyryş ýaly çäreler çaganyň döredijilik ukybyny artdyrýar. Şeýle işler çaga “Özümiň edip görenim” diýen duýgy döredip, okuw islegini has-da ýokarlandyrýar.
Hünärli terbiýeçi gatnaşyklary
Çaganyň öwrenmäge bolan isleginiň iň uly çeşmesi-ýyly, buýsanç berýän, goldaýan terbiýeçidir. Terbiýeçi çaga ynam bildirse, üstünliklerini bellese, hatda kiçijik gazananlaryny hem öwse, çaga öz güýjüne ynanyp başlaýar. Bu bolsa okuw isleginiň iň güýçli itergisi bolýar.
Toparlalaýyn işleriň peýdasy
Çagalar biri-biri bilen hyzmatdaşlykda işleýändiklerinde sosial görnüşde ösdürilýärler. Toparlaýyn oýunlar, bilelikde ýerine ýetirilen taslamalar çagalaryň gatnaşyga girmegini, garşydaşyny diňlemegini, bile çözgüt tapmagyny öwredýär. Bu ýagdaýlarda çaga diňe öwrenmän, eýsem, özüni toparyň bir agzasy hökmünde duýup, has işjeň bolmaga çalyşýar.
Baýramçylykly we çäreli sapaklar
Çagalaryň öwrenmegine ruh berýän iň täsirli usullardan biri hem sapaklary baýramçylyga meňzetmekdir. Tema laýyklykda bezegler, kiçi sahnaçyllyklar, aýdym-saz bilen utgaşdyrylan sapaklar çaga sapagy güýmenje şeklinde duýduryp, bilim almagyň lezzetini artdyrýar.
Çagalaryň öwrenmek islegi güýçli bolanda, olar ähli zady ýeňillik bilen kabul edýärler. Dogry saýlanan okuw usullary olaryň aňyny ösdürýär, döredijiligini oýarýar, ynamyny artdyrýar we gelejekde ylym-bilime bolan uly höwes döredýär. Şonuň üçin terbiýeçi hem-de ene-ata üçin iň möhüm wezipeleriň biri-çaganyň tebigy gyzyklanmasyny saklamak we ony öwrenmegiň ilkinji basgançaklarynda goldamakdyr.
Oguldurdy Şamiýewa,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi




