Häzirki döwürde bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýaş nesliň diňe bir bilimli bolmagyny däl-de, eýsem olaryň şahsyýet hökmünde hemmetaraplaýyn kämil ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda mekdebe çenli bilim aýratyn orun eýeleýär. Çünki hut şu döwürde çagalaryň häsiýet aýratynlyklary, dünýägaraýşy we özüne bolan garaýyşlary kemala gelýär. Şol sanda çaganyň özüne bolan ynamynyň emele gelmegi hem onuň geljekki durmuş ýoluna güýçli täsir edýän möhüm psihologik-pedagogiki hadysadyr.
Çaganyň özüne bolan ynamy onuň öz mümkinçiliklerine, başarnyklaryna hem-de ýerine ýetirýän işlerine oňyn garaýyşda bolmagy bilen kesgitlenýär. Ynamly çagalar täze maglumatlary kabul etmekde, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulmakda hem-de kynçylyklary ýeňip geçmekde has işjeň bolýar. Şonuň üçin bu häsiýetiň irki ýaşdan başlap maksatlaýyn ösdürilmegi zerur bolup durýar.
Mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalaryň özüne bolan ynamyny ösdürmek köpugurly pedagogiki işleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Ilki bilen, çagalar bagynda döredilýän psihologik gurşawyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Dostlukly, howpsuz we goldaw beriji gurşawda terbiýelenýän çaga öz pikirini erkin beýan edýär, täze işlere höwes bilen girişýär. Şeýle gurşawy döretmekde terbiýeçiniň pedagogiki ussatlygy möhüm orny eýeleýär. Terbiýeçi çagalaryň her birine aýratynlykda çemeleşmeli, olaryň aýratynlyklaryny nazarda tutup, degişli goldawy üpjün etmeli.

Çagalaryň özbaşdak hereket etmegine şert döretmek hem olaryň ynamyny ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Çaga kiçi ýaşdan başlap özbaşdak karar kabul etmäge, ýumuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berilende, onuň öz başarnygyna bolan ynamy artýar. Bu ugurda terbiýeçiler tarapyndan berilýän ýaşyna laýyk tabşyryklar, kiçi jogapkärçilikler möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem çagalaryň üstünliklerini wagtynda bellemek we höweslendirmek pedagogiki taýdan netijeli serişdeleriň biridir. Hatda iň kiçi üstünlikleriň hem öwülmegi çaganyň özüne bolan ynamyny güýçlendirýär. Emma bu ýerde aşa öwgi däl-de, adalatly we ýerlikli höweslendirme möhümdir. Şeýle çemeleşme çaganyň öz işine bolan jogapkärçiligini artdyrýar we onuň ösüşine oňyn täsir edýär.
Çagalaryň özüne bolan ynamyny ösdürmekde maşgala bilen çagalar bagynyň hyzmatdaşlygy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ene-atalar bilen terbiýeçileriň bilelikde alyp barýan maksada gönükdirilen işleri çaganyň şahsy ösüşini tizleşdirýär. Öýde hem çaganyň goldanylmagy, onuň pikirine hormat goýulmagy we üstünlikleriniň belläp geçilmegi bu prosesiň dowamlylygyny üpjün edýär. Bu ugurda alnyp barylýan maksada gönükdirilen pedagogiki işler netijesinde özüne ynamly, işjeň, döredijilikli pikirlenýän şahsyýetleri kemala getirmek mümkin bolýar. Şeýle şahsyýetler bolsa jemgyýetiň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmaga ukyply bolýar.
Ýazan: Nuryýewa Käbegül,
Daşoguz şäheriniň 11-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi


