Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, daşary ýurt dillerini çagalara öwretmekde hem döwrebap tehnologiýalaryň we innowasion usullaryň ulanylmagy aýratyn möhümdür. Çünki häzirki döwrüň ýaşlary giň maglumat akymynyň, sanly çeşmeleriniň hem-de üýtgeýän aragatnaşyk gurallarynyň arasynda ösüş tapýar. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini öwretmek diňe sözleri ýatda saklatmak ýa-da grammatikany düşündirmek däl-de, eýsem çaganyň döredijilikli pikirlenişini oýarmak, onuň jemgyýetçilik gatnaşygyny giňeltmek, durnukly we gyzykly öwreniş gurşawyny döretmek bilen bagly düşünje hökmünde kabul edilýär.
Innowasion usullaryň ulanylmagy okuw prosesini çaga üçin ruhy taýdan ýeňilleşdirip, öwrenilýän dili durmuş ýagdaýlary bilen baglanyşdyrýar. Şeýle ýagdaýda çaga täze maglumatlary has çalt siňdirýär, ýatkeşligi güýçlenýär we sözleýiş endiklerine bolan ynamy artýar.
Tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen interaktiw programmalaryň, mobil goşundylaryň, sesli we wideo materiallarynyň ulanylmagy çagalarda dil öwrenişe bolan höwesi ýokarlandyrýar. Şeýle serişdeler diňe öwredýän däl, eýsem çagany hereketlendirýän, oýlandyrýan we üstünlik duýgusyny döredýän obrazly gural hökmünde çykyş edýär. Mysal üçin, dialog görnüşli ses ýazgylary, wirtual oýunlar, animasiýaly düşündirişler çaga üçin dil öwrenişiň tebigy ýagdaýlaryny döredýär. Şeýle tejribe netijesinde çaga diňe grammatiki düzgünleri öwrenmän, eýsem ulanylýan dili gündelik durmuşda nähili peýdalanmalydygyny hem aňryýany bilen duýup başlaýar.
Oýunlaşdyrylan synaglar, suratlar arkaly söz öwrediş, hereketli interaktiw çäreler ýaly usullar çagalarda üns jemleýiş ukybyny ösdürýär. Olara sözleriň manysyny diňe diňlemän, eýsem görmek, deňeşdirmek, jogap bermek arkaly özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle usullaryň esasy artykmaçlygy — çaga öwrenýän wagty özüniň öwrenýändigini duýman, güýmenje bilen täze maglumatlary siňdirmekdir. Çünki oýun arkaly öwreniş çaganyň tebigy psihologiýasyna laýyk gelýär.
Multimediýa serişdeleriniň daşary ýurt dillerini öwretmekde ulanylmagy çaga üçin hakykata golaýlaşdyrylan tejribe hökmünde göze ilýär. Wideo sapaklarda dürli ýurtlaryň ýaşaýşyny görmek, dürli ses tonlaryny diňlemek, dürli ýagdaýlary suratlandyrýan rolikleri synlamak çaga üçin täze medeni giňişligi açýar. Şeýlelikde, çaga dil öwrenýärkä diňe sözleri däl, eýsem täze medeniýetiň aýratynlyklaryny hem ýüze çykarmaga başlaýar. Bu bolsa onuň dünýägaraýyşyny giňeldip, geljekde başga ýurtlar bilen açyk aragatnaşyk gurmaga bolan giň mümkinçilik döredýär.
Innowasion usullaryň ulanylmagy daşary ýurt dillerini çagalara öwretmegiň häzirki döwrüň iň täsirli we zerur ugurlarynyň biridir. Şeýle çemeleşmeler diňe okuw prosesiniň hilini ýokarlandyrman, eýsem çaganyň ruhy ýagdaýyna, ylhlasly öwrenişine, özüne bolan ynamynyň artmagyna hem uly täsir edýär. Öwrenilýän dili döredijilikli, gyzykly we hakyky durmuş ýagdaýlary bilen baglanyşykly görnüşde bermegiň netijesinde çaga täze dile diňe okuw mazmuny hökmünde däl-de, eýsem öz güýmenjesiniň, ösüşiniň hem-de geljegiň mümkinçilikleriniň bir bölegi hökmünde garap başlaýar.
Şeýlelikde, innowasion usullaryň düşnükli, döredijilikli we gyzykly ugry çagalaryň daşary ýurt dilini özleşdirişini ýokarlandyryp, olaryň häzirki zaman jemgyýetinde erkin aragatnaşyk gurup bilýän şahslara öwrülmegine uly mümkinçilik döredýär.
Sülgün Magtymowa,
Akdepe etrabynyň Daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi usulýetçisi




