Aşgabat şäheriniň häkimligine «Derýa gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda degişli Karara gol çekdi, bu barada TDH habar berýär.
Şertnamada Aşgabat şäheriniň «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony gurmak göz öňünde tutulýar.
Resminamada gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.